Pekinde Aşgabatdaky işewürlik duşuşyklarynyň jemlerine bagyşlanan tanyşdyryş forumy barada

8

20-nji maýda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy, Hytaýyň daşary ýurtlarda kärhanalary ösdürmek boýunça assosiasiýasy (CODA) hem-de “Hytaý-Türkmen medeniýet merkezi” bilen bilelikde tanyşdyryş forumyny geçirdi.

Forumyň işine türkmen diplomatlary, CODA-nyň ýolbaşçylary, ŞHG-niň wekilleri hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň agzalary ýaly 200-den gowrak wekiller gatnaşdy.

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçisi öz çykyşynda ýokary we iň ýokary derejelerdäki özara saparlaryň itergi bermeginde iki taraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini aýratyn belledi. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň mart aýynda Hytaýa amala aşyran sapary we HHR-nyň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň orunbasary Din Suesýanyň Türkmenistana bolan sapary bellenilip geçildi. Şeýle hem Ilçi hytaýly hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň HHR-daky Ilçisi öz çykyşynda ýokary derejedäki özara saparlaryň netijesinde täze itergi alan ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilýändigini belledi. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mart aýynda Hytaýa amala aşyran sapary hem-de HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň orunbasary Din Sýuesýanyň Türkmenistana bolan sapary aýratyn nygtaldy. Şeýle-de Ilçi hytaýly hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Çykyşlaryň dowamynda ŞHG-niň Demonstrasion zolagynyň Dolandyryş komitetiniň başlygynyň orunbasary Çžou Lin, CODA-nyň baş sekretarynyň orunbasary Sýan Ýun hem-de “Hytaý-Türkmen medeniýet merkeziniň” direktory Li Szan Aşgabatda geçirilen duşuşyklaryň netijelerini giňişleýin seljerdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat forumyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Çykyş edenler şeýle çäreleriň bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen her ýyl geçirilmegine uly gyzyklanma bildirdiler.

Forumyň çäklerinde türkmen milli halylarynyň, şaý-sepleriň, milli lybaslaryň hem-de Türkmenistanyň hususy kärhanalarynyň önümleriniň sergisi guraldy. Şeýle hem myhmanlara ýurduň gazanan üstünlikleri barada foto we wideo materiallar görkezildi.