Britaniýanyň Antarktika gullugynyň geçiren barlaglary imperator pingwinleriniň nesliniň gutarmak howpy astyndadygyny görkezdi.
Emli hemra arkaly guşlaryň periniň düşýän döwrüniň, ýagny köne perleriň täze suw geçirmeýän ýelekler bilen çalyşýan pursady surata alnypdyr. Bu wagt pingwinler üçin aýratyn howply döwürdir. Täze ýelekler doly kemala gelýänçä, olar iýmitlenmek üçin birnäçe hepdeläp suwa girip bilmeýärler.
Täze suratlar deňiz buzluklarynyň azalmagy sebäpli pingwinleriň has kiçi we gür toparlara ýygnanmaga mejbur bolandygyny görkezdi. Eger ýukalan buzlar wagtyndan öň erese, bu tutuş toparyň heläk bolmagyna getirer. Alymlaryň aýtmagyna görä, buzlaryň eremegi imperator pingwinleriniň nesliniň gutarmak möhletini birnäçe onýyllyk öňe süýşürýär.
Her ýyl Ross deňziniň imperator pingwinleri perlerini çalyşmak üçin durnukly buzluk gözläp, Meri Berd ýerlerine çenli 1000 kilometr aralygy geçýärler. Pingwinleriň suw geçirmeýän ýelekleri olaryň beden ýylylygyny saklamaga kömek edýär. Emma bu jandarlaryň ýeleklerini guýrugynyň düýbündäki ýörite mäzden çykýan madda ýaglap durýar. Bu bolsa, olaryň sowukdan goranmaklary üçin zerurdyr.
Beýleki köp janly-jandarda bolşy ýaly pingwinleriň hem ýylda bir gezek “tüýi” täzelenýär. Ýelekleriniň düşýän döwri üç-dört hepdä çekip, bu wagtyň dowamynda pingwinler suwa girmeýärler. Uzak wagtlap dowam edýän açlyga döz gelmek üçin, olaryň agramy ýelekleri düşmezden ozal 50-70% artýar.
Hemra suratlary alymlara Meri Berd ýerindäki ýelek çalyşýan guşlaryň toparlaryny yzarlamaga kömek etdi. 2022-nji ýyla çenli olaryň 100-den gowak topary bolan bolsa, şol seneden soň bary-ýogy 25 topar galdy. Alymlar örän köp pingwiniň Günorta ummana çykan wagty, heniz suw geçirmeýän ýeleklerini çalşyp ýetişmändikleri sebäpli heläk bolandygyny çaklaýarlar.
2022-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda Antarktikadaky deňiz buzluklarynyň meýdany iň pes derejä düşdi. Ol 500 müň inedördül kilometrden bary-ýogy 100 müňe çenli azaldy. Kenarda jemi 2 müň inedördül kilometr dykyz deňiz buzy galdy. Aslynda şol buzlar imperator pingwinleriniň umumy sanynyň 40%-ini özünde saklaýardy.
Britaniýanyň Antarktika gullugynyň habar bermegine görä, bu görnüş ýitirilen sanyny çalt dikeltmäge ukypsyzdyr.