Möwsümi kuboksyz tamamlan we täze möwsüme täze tälimçi bilen başlamakçy bolýan Ispaniýanyň “Real Madrid” topary ilkinji transferini mälim etdi. Geçen möwsümde goragdan ejir çeken “Real Madridiň” ilkinji transferi hem goragçy boldy. “Real Madrid” kluby iňlis kluby “Bornmut” toparynyň ispan goragçysy Din Hýoýseni transfer etdi. Oýunçynyň transfer bahasy resmi mälim edilmese-de, metbugatda ispan klubunyň 50 million funt sterlingi “Bornmuta” berjekdigi bellenilýär. 20 ýaşyndaky futbolçynyň şertnamasynyň möhleti bolsa 5 ýyllyk bolar.

2005-nji ýylyň 14-nji aprelinde Niderlandlaryň paýtagty Amsterdamda dünýä inen Hýoýsen “Ýuwentusyň” ýaşlar düzüminde futbola başlap, ol turinlileriň 1 duşuşykda meýdança çykdy. “Romada” kärendesine oýnan Hýoýsen geçen tomusda “Bornmuta” transfer bolup, ol iňlis klubunda şu möwsümde 34 oýunda 3 gezek tapawutlandy. Milli ýygyndy hökmünde Ispaniýanyň saýlan Hýoýsen matadorlaryň düzüminde-de 2 duşuşyk geçirdi.

Hýoýseniň FIFA Klublar Dünýä Kubogynda-da çykyş etmegine garaşylýar.

Ançelottiniň ornuna Habi Alonsony bellejek “Real Madridde” ýakyn günlerde “Liwerpul” bilen şertnamasy tamamlanan Trent Aleksander-Arnoldy hem resmi ýagdaýda mälim etmegine garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde “Benfikadan” goragçy Alwaro Karreras bilenem içgin gyzyklanýan Real Madridiň bu transferi hem tamamlar diýlip çaklanylýar.