Ba­har pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len te­bi­gat jan­lan­ýar, agaç­lar gül açyp, daş-tö­we­rek gö­zel gör­ke bü­ren­ýär. Şol my­na­sy­bet­li dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da dür­li baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry, şü­we­leň­ler ge­çi­ril­ýär. Şeý­le baý­ram­çy­lyk­la­ryň bi­ri hem Ho­li fes­ti­wa­ly bo­lup, Hin­dis­tan, Ne­pal, Bang­la­deş we hin­di­le­riň ýa­şa­ýan beý­le­ki ýurt­la­ryn­da hem bel­le­nil­ýär. Reňk­le­riň, söý­gi­niň we ba­ha­ryň fes­ti­wa­ly diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu şü­we­leň gy­şyň gu­tar­ma­gy­ny, ba­ha­ryň gel­me­gi­ni we be­re­ket­li ha­sy­lyň alyn­ma­gy­ny ar­zuw­lap ge­çi­ril­ýär. Hin­di se­ne­na­ma­syn­da 11-nji aýyň 14-ine ag­şam oduň ýa­kyl­ma­gy bi­len baş­lan­ýan şü­we­leň er­te­si gün reňk fes­ti­wa­ly bi­len do­wam ed­ýär. Fes­ti­wa­lyň ge­çi­ril­ýän gü­ni her ýyl üýt­ge­ýär. Şol gün adam­lar bi­ri-bir­le­ri­ne bo­ýag zy­ňyş­ýar­lar, kö­çe­ler tans ed­ýän, aý­dym aýd­ýan, oýun oý­na­ýan şa­dy­ýan adam­lar bi­len dol­ýar. Bu baý­ram­çy­lyk soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­niň köp se­bi­ti­ne ýaý­ra­dy.

Hu­maý RO­ZY­ÝE­WA,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.