Italiýanyň paýtagty Rimiň 2 wekiliniň biri ýaryşy dowam eder. Myhmançylykda “Wiktoriýa Plzeni” 2-1 ýeňen “Lasio” öz meýdançasynda 1-1 hasabynda deňme-deň oýnap, çärýek finala çykdy. Çehlerden Şulsuň goluna “Lasio” Romanýoliniň goly bilen jogap berdi. Italiýaly goragçy 1-nji oýunda-da tapawutlanypdy.

“Roma” topary üçin bolsa ýaryş tamamlandy. Öz meýdançasynda “Atletik Bilbaony” Şomurodowyň soňky minutlarda geçiren goly esasynda 2-1 hasabynda ýeňen “Roma” myhmançylykda 3-1 utuldy. Ispan klubunyň gollarynyň 2-sini Niko Williams (45+2, 82) beýlekisini-de Berçiçe (68) geçirdi. Rimlilerden Paradesiň 90+3-nji minutda penaltiden geçiren goly olara çärýek final üçin ýeterlik bolmady. Duşuşygyň 11-nji minutynda “Romadan” Hummels gyzyl kart alyp, toparyny 1 oýunçy kem goýdy.