Robot tehnikasy: Maryda ýaş zehinleriň bäsleşigi jemlendi

1

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde gurnamagynda “Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy” boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden innowasion tehnologiýalara gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň 140-a golaýy gatnaşdy.
Bäş ugurdan geçirilen ýaryşyň netijelerine laýyklykda, “Päsgelçilikli tizlikli ýaryş” görnüşinden Mary welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Gülälek Gurbannazarowa birinji orna mynasyp boldy. “Robot biatlon” ugrundan Aşgabat şäherindäki “Imdatbot” okuw merkeziniň diňleýjisi Emir Kulyýew, “Robot bouling” görnüşinden bolsa Aşgabat şäherindäki “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Abduljelil Patyşagulyýew iň ýokary netijeleri görkezip, birinji orunlary eýelediler. Şeýle hem “Robot reýs” bäsleşiginde A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki umumybilim berýän mekdebiniň okuwçysy Alyhan Akgaýew ýeňiji bolmagy başardy. Ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykaran “Täsin robot” görnüşinden gatnaşyjylaryň 10-sy ýörite sylaglara mynasyp boldular.
«Şeýle bäsleşikler ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga uly ýardam edýär. Çünki bu ýerdäki iň ýönekeý iş hem mehanikany, fizikany, elektrotehnikany, matematikany we informatikany bilmegi talap edýär. Ýaşlarymyzyň innowasion taslamalary bolsa olaryň bu ugurlary amalyýetde utgaşdyryp bilýändiklerini görkezýär» – diýip, eminler toparynyň agzasy Söhbetmyrat Bäşow nygtady.
Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Dabara Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ruhubelent çykyşlary bilen utgaşdy. Oňa gatnaşanlar okamaga, döwrebap bilim almaga döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.