UEFA Ýewropa Ligasynda pleý-off tapgyrynyň jogap duşuşyklary geçirildi. Tapgyryň iň esasy bijesiniň jogap oýny diýseň çekeleşikli geçdi. Portugaliýanyň “Porto” topary myhmançylykda Agehowanyň 27-nji minutdaky goly bilen öňe geçenem bolsa, “Roma” bu gola tiz jogap berdi. 4 minutyň dowamynda, ýagny 35-nji we 39-njy minutlarda tapawutlanan Paulo Dibala rimlileri öňe saýlady. Pisilli 83-nji minutda aratapawudy hasam artdyrdy. Oýnuň 90+6-njy minutyndaky Renşiň awtogoly portugallara ýeterlik bolmady. Duşuşygyň 51-nji minutynda “Portodan” Eustakio gyzyl kart aldy. 1-nji oýun 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Rumyniýanyň FKSB topary öz meýdançasynda grekleriň PAOK toparyny Çisotti hem-de Mikuleskunyň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi. Ozalky ady “Stýaua” bolan FKSB topary 1-nji oýunda 2-1 hasap bilen ýeňipdi.

1-nji oýunda 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Ferenswaroş” (Wengriýa) myhmançylykda “Wiktoriýa Plzenden” (Çehiýa) 3-0 asgyn gelip, ýaryş bilen hoşlaşdy. Norwegiýanyň “Bude-Glimt” topary 1 hepde öň Niderlandlaryň “Twente” toparyndan 2-1 ýeňlipdi. Jogap duşuşygynda “Bude-Glimt” öz meýdançasynda 90-njy minutdan soň Hilgersiň awtogoly bilen esasy wagtda 2-1 öňe saýlanyp, umumy hasaby deňledi. Goşmaça 30 minutda-da ýer eýeleri 3, myhmanlar 1 gol saldy. Netijede, 5-2, umumy hasapda-da 6-3 üstün çykan “Bude-Glimt” 1/8 finala adyny ýazdyrdy.

Belgiýadan 2-0 hasabynda ýeňiş bilen dolanan “Aýaks” öz meýdançasynda “Ýunion Sent-Žilluazdan” goşmaça wagtda 2-1 utulsa-da, 1/8 finala çykdy. Mak Allister hem-de Dewidiň gollary bilen esasy wagtda 2-0 öňe geçen myhmanlaryň derwezesinden “Aýaksy” 1/8 finala çykaran goly 93-nji minutda penaltiden Teýlor geçirdi. 1-nji oýunda “Midtýullanny” 2-1 hasabynda ýeňen “Real Sosiedad” öz meýdançasynda 5-2 ýeňip, ýaryşy dowam etmäge hukuk gazandy. Duşuşykda ýer eýeleriniň 2 goluny Suçiç geçirdi.

Türk klublarynyň 2 duşuşygy hem 2-2 hasabynda tamamlandy. Öz meýdançasynda 3-0 ýeňiş gazanan “Fenerbahçe” topary myhmançylykda 2-2 deňme-deň oýnady. Tribunada emele gelen dartgynly ýagdaýlar sebäpli az-owlak togtadylan duşuşykda ýer eýeleriniň gollaryny 19-njy we 55-nji minutlarda Waskes, myhmanlaryň gollaryny bolsa En-Nesiri (4) bilen Akçiçek (63) geçirdi.

Myhmançylykda 4-1 hasabynda utulan “Galatasaraýa” öz meýdançasynda “AZ Alkmaary” ýeňmek başartmady. Duşuşyk 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy.

 

Wiktoriýa Plzen – Ferenswaroş: 3-0 (0-1)

Bude-Glimt – Twente: 5-2 g.w. (1-2)

Aýaks – Ýunion Sent-Žilluaz: 1-2 g.w. (0-2)

Galatasaraý – AZ Alkmaar: 2-2 (1-4)

Real Sosiedad – Midtýullann: 5-2 (2-1)

FKSB – PAOK: 2-0 (2-1)

Anderleht – Fenerbahçe: 2-2 (0-3)

Roma – Porto: 3-2 (1-1)