Wenger arhitektory we dizaýn porofessory Erno Rubik okuwçylaryň üç ölçegli giňişlige has gowy düşünmegine kömek etjek täze bir esbaby oýlap tapmagy maksat edinýär. Şeýlelikde, ol 1974-nji ýylda ähli tarapy aýlanýan reňkli agaç bölejiklerden düzülen oýnawajy oýlap tapýar. 1975-nji ýylda Rubik üç ölçegli esbabyna patent alýar. 1978-nji ýylda bu oýnawaç Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda «Jadyly kubik» (Buvuos Kocka) ady bilen çagalara hödürlenilýär. 1980-nji ýylda köpçülikleýin önümçiligine başlanmagy bilen Rubigiň kubigi bütin dünýä ýaýraýar. Häzirki wagtda millionlarça adamyň gyzykly güýmenjesine öwrülen we birnäçe sekundyň içinde aňsatlyk bilen çözülýän tapmaçanyň gyzykly hekaýasy bar.
Dünýäde iň köp satylýan oýnawaçlaryň biri bolan Rubigiň kubigi çözmesi ýeňil bolmadyk tapmaçalaryň biri hasaplanýar. 6 taraply, 26 sany aýlanýan dörtburçlukdan ybarat oýnawajy Erno Rubigiň özi hem ilkibaşda çözüp bilmeýär. Ol birnäçe günläp otagyndan çykman, kubigiň reňklerini gabat getirmek üçin synanyşýar. Matematik algoritmler bilen tejribe geçirip, kubigiň burçlaryny we gyralaryny üns bilen yzarlaýar. Netijede 1 aýdan soň daşyndan aňsat ýaly görünýän köp kombinasiýaly oýnawajy çözmegi başarýar.
Ilkibaşda «Jadyly kubik» diýlip atlandyrylan bu oýnawaç soňra «Rubigiň kubigi» diýlip atlandyrylýar. Ýatkeşligi güýçlendirmek we beýnini işjeňleşdirmek üçin iň gowy matematik esbap hasaplanýar. Rubigiň kubiginiň dörtburç (2×2, 3×3, 4×4, 5×5), üçburç (piramida meňzeş) we köpgyranly görnüşleri bar. 43 kwintillion kombinasiýasy bolan Rubigiň kubigini soňky ýyllarda synag maksady bilen robotlara hem düzdürýärler.
PDF









