Bolgariýada ýekşenbe güni geçirilen möhletinden öňki parlament saýlawlarynyň deslapky netijelerine görä, ýurduň öňki Prezidenti Rumen Radew we onuň “Progresiw Bolgariýa” koalisýasy uly tapawut bilen ýeňiş gazanýar. Ekzitpollaryň maglumatlaryna görä, Radewiň tarapdarlary sesleriň 37–39 göterimini alyp, özüniň esasy bäsdeşi Boýko Borisowyň GERB partiýasyndan (16%) ep-esli öňe geçmegi başardy. Muňa garamazdan, Radewe parlamentde ýeke-täk dolandyryjy bolmak (ýagny sesleriň köplügini gazanmak) üçin ýene 10–12 mandat gerek. Şol sebäpli ol hökümet gurmak üçin başga partiýalar bilen birleşmäge mejbur bolar.
Prezidentlik wezipesinden ýanwar aýynda giden öňki harby uçarman Radew eýýäm GERB we DPS partiýalary bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini ret etdi. Onuň “Dowam edýän özgerişler – Demokratik Bolgariýa” bileleşigi bilen hem gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagy, geljekki koalisiýa üçin mümkinçilikleri çäklendirýär we potensial hyzmatdaşlaryň hatarynda diňe sosialistleri hem-de “Galkynyş” partiýasyny galdyrýar.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, Radewiň bu ýeňşi bütin Ýewropadaky syýasy ýagdaýa täsir edip biler. Saýlaw möwsüminde ol özüni ygtybarly syýasatçy hökmündäki abraýyny tassyklady. Ýurtda saýlawçylaryň gatnaşygy 45 göterimden geçip, garaşylandan has ýokary boldy.