Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki toý meýdançasynda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige etraplardyr şäherlerdäki deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.

Höwesjeň aýdymçy ýaşlar tomaşaçylaryň, talapkär emin agzalarynyň öňünde şirinden şirin aýdymlary ussatlyk bilen joşgunly ýerine ýetirdiler. Buýsançly çykyşlarynda hemişelik Bitarap Diýarymyzyň mizemez Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny, mähriban Watanymyzyň beýik ösüşlerini, dost-doganlygy, parahatçylygy belentden wasp etdiler. Ajaýyp çykyşlar aýdym-saz muşdaklarynda uly täsir galdyrdy.

Bäsleşige gatnaşan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, aýdymlaryň döwrebaplygy, milliligi, çeperçilik derejesi talapkär emin agzalarynyň adalatly bahalarynda mynasyp orun eýeledi. Bäsleşikde has tapawutlanan ýaş aýdymçylardan welaýatyň Etrek etrabynyň medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçysy Baýrammyrat Ýakubow, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň ýaşaýjysy Amanmyrat Maýdyýew «Ýaňlan, Diýarym! – 2026» telebäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere ter gül desseleridir gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.