Ýur­du­myz­da «Döw­let adam üçin­dir!», «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen yn­san­per­wer tag­ly­mat­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­rün­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny hem ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, luk­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy esa­syn­da 1995-nji ýyl­da ka­bul edi­len «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy 30 ýyl­dan bä­ri ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň bin­ýat­lyk res­mi­na­ma­sy bo­lup gel­ýär. Bu mak­sat­na­ma öň­de goý­lan mö­hüm we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek­de yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan kä­mil tag­ly­ma­ta öw­rül­di. Onuň 2015-nji ýyl­da re­je­le­nen gör­nüş­de kä­mil­leş­di­ril­me­gin­de hem luk­man Ar­ka­da­gy­my­zyň uly ta­gal­la­sy bar.
Her ýyl ýur­du­my­zyň Döw­let býu­je­ti­niň köp bö­le­gi dur­muş mak­sat­ly ugur­la­ra gö­nük­di­ril­ýär. Ýur­du­myz­da döw­re­bap sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­kez­le­ri gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär. Hä­zir­ki­za­man jem­gy­ýe­tin­de adam sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak hem-de be­je­ri­şiň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da elekt­ron sag­lyk ul­gam­la­ry­nyň gi­ri­zil­me­gi ne­ti­je­sin­de, her bir ra­ýa­tyň sag­lyk mag­lu­mat­la­ry bi­te­wi mag­lu­mat­lar bin­ýa­dy­na bir­leş­di­ril­ýär. Bu bol­sa luk­man­la­ra nä­sa­gyň sag­lyk ýag­da­ýy ba­ra­da do­ly mag­lu­mat­la­ry çalt we ta­kyk gör­nüş­de al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Te­le­luk­man­çy­lyk ul­ga­my uzak ara­lyk­da­ky ilat­ly ýer­ler­de ýa­şa­ýan adam­la­ra ýo­ka­ry de­re­je­li luk­man­çy­lyk mas­la­hat­la­ry­ny al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le­lik­de, san­ly ara­gat­na­şyk ar­ka­ly luk­man­lar ke­seliň kes­git­le­me­si­ni goý­ýar­lar, mas­la­hat ber­ýär­ler we be­jer­gi me­ýil­na­ma­sy­ny düz­ýär­ler.
Emeli aň we uly maglumatlar tehnologiýalary
Eme­li aň luk­man­çy­lyk­da giň­den ula­nyl­ýan in­no­wa­si­on gu­rala öwrülip başlady. Eme­li aň ul­gam­la­ry rent­gen we beý­le­ki şöh­le esas­ly en­jam­lar ar­ka­ly bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri­ni sel­jer­mek­de, nä­sag­yň ýag­da­ýy­ny öňün­den çak­la­mak­da we luk­man­çy­lyk çöz­güt­le­ri gol­da­mak­da ýo­ka­ry ne­ti­je­li­li­gi gör­kez­ýär.
Uly mag­lu­mat­la­ryň sel­jer­me­si ar­ka­ly jem­gy­ýet­de ýaý­ran ke­sel­le­riň ösüş ugur­la­ry, ge­ne­ti­k aý­ra­tyn­lyk­lary we be­je­riş usul­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi öw­re­nil­ýär. Bu bol­sa luk­man­çy­lyk ul­ga­myn­da yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.
Bio­teh­no­lo­gi­ýa­nyň ösü­şi ne­ti­je­sin­de tä­ze der­man se­riş­de­le­ri, san­jym­lar we bioor­ga­nik sü­ýüm­ler dö­re­dil­ýär. Ge­ne­ti­ki bar­lag­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy şah­sy­laş­dy­ry­lan be­je­riş usul­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Robotlaşdyrylan we wirtual lukmançylyk usullary
Ro­bot­laş­dy­ry­lan ope­ra­si­ýa ul­gam­la­ry ýo­ka­ry ta­kyk­ly­gy üp­jün edip, be­jer­gi wag­ty­ny we nä­sa­gyň di­ke­liş möh­le­ti­ni gys­gald­ýar. Şeý­le hem wir­tu­al (VR) we goş­ma­ça ha­ky­kat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry luk­man­la­ryň taý­ýar­ly­gyn­da, ope­ra­si­ýa si­mul­ýa­si­ýa­la­ryn­da we kli­ni­ki tej­ri­be­de giň­den peý­da­la­nyl­ýar.
San­ly plat­for­ma­lar ar­ka­ly ila­tyň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek, ke­sel­le­riň öňü­ni alyş bar­lag­la­ry­ny ge­çir­mek we epi­de­mio­lo­gik mag­lu­mat­la­ry ýyg­na­mak iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le­lik­de jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti bar­ha art­ýar.

Türkmenistanda innowasion saglygy goraýyş ösüşleri
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ýur­du­myz­da san­ly sag­lyk kon­sep­si­ýa­sy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan sag­lyk mer­kez­le­ri gur­lup, ila­ta ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­ edil­ýär. On­laýn mas­la­hat hyz­mat­la­ry, elekt­ron be­jer­gi ýaz­gy­la­ry we hal­ka­ra tej­ri­be esa­syn­da taý­ýar­la­ny­lan luk­man­çy­lyk mag­lu­mat ul­gam­la­ry giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we usul­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, be­jer­gi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ma­ga we ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mä­ge ýar­dam ed­ýär. San­ly ul­gam­la­ryň, eme­li aňyň, bio­teh­no­lo­gi­ýa­nyň we ro­bot­laş­dy­ry­lan luk­man­çy­ly­gyň üs­tün­lik­li or­naş­dy­ryl­ma­gy gel­jek­de-de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ös­me­gi­ne esas dö­re­der.

Raisa ISRAFILOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň gistologiýa, sitologiýa we embriologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.