Bi­ler­men­ler sak­gyç çeý­ne­me­giň peý­da­ly we zy­ýan­ly ta­rap­la­ry ba­ra­da bel­läp geç­ýär­ler. Sak­gyç agyz­da­ky turşulygy zy­ýan­syz­lan­dy­ryp, diş­le­ri çüý­re­mek­den go­rap sak­la­ýan tüý­kü­li­giň bö­lü­nip çyk­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Sak­gyç agyz boş­lu­gyn­da­ky we diş­le­riň ara­syn­da­ky iý­mit ga­lyn­dy­la­ry­ny aýyr­ýar. Ag­zyň gu­ra­ma­gy­nyň öňü­ni alyp, dem al­şy go­wu­lan­dyr­ýar. Esa­san hem, şe­ker­siz sak­gyç diş­ler üçin has go­wu­dyr. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, na­har­dan soň her gün 15-20 mi­nut sak­gyç çeý­ne­mek agyz boş­lu­gyn­da dö­räp bil­jek bak­te­ri­ýa­la­ry 17 gö­te­ri­me çen­li azald­ýar. Şeý­le hem kä­bir adam­da na­har­la­ny­lan­dan soň dö­re­ýän ýü­rek bu­lan­ma ala­mat­la­ry­ny sak­gyç çeý­ne­mek ar­ka­ly aý­ryp bol­ýar. Sak­gyç çeý­ne­me­giň kä­bir ada­myň pi­ki­ri­ni jem­le­mä­ge we stres ala­mat­la­ry­ny azalt­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy.
Muňa garamazdan, aşa köp sak­gyç çeý­ne­len­de aş­ga­zan­da turşulygyň önüm­çi­li­gi ýo­kar­la­nyp, gy­jyn­ma ýa-da ýü­rek bu­lan­ma ýa­ly ala­mat­la­ra se­bäp bo­lup bi­ler. Esa­san hem, aç gar­ny­ňa sak­gyç çeý­ne­mek zy­ýan­ly ha­sap­lan­ýar.
Kä­bir ýag­daý­lar­da bil­mez­den sak­gyç ýuw­dul­ýar. Aş­ga­za­na dü­şen sak­gyç ere­me­ýär ýa-da öz­leş­me­ýär. Ýuw­du­lan sak­gyç çiş­me, ýel­len­me we ga­ryn agy­ry­sy ýa­ly ala­mat­la­ry dö­re­dýär. Halk ara­syn­da aş­ga­za­na dü­şen sak­gyç 7 ýyl­lap sak­lan­ýar di­ýen ynanç bar. Ha­ky­kat­dan hem, sak­gyç aş­ga­zan­da öz­leş­me­ýär. Se­bä­bi sak­gy­jyň dü­zü­min­de sin­te­tik po­li­mer we smo­la bar. Aş­ga­zan bu fer­ment­le­ri dar­ga­dyp bil­me­ýär. Ýö­ne bu ýag­daý sak­gy­jyň aş­ga­zan­da uzak wagt­lap gal­ýan­dy­gy­ny aň­lat­ma­ýar. Be­den iş­läp bil­me­dik mad­da­la­ry­ny dür­li usul­lar bi­len da­şa­ry çy­kar­ýar. Ýuw­du­lan sak­gyç beý­le­ki iý­mit­ler bi­len bi­le­lik­de ga­ry­lyp, bir­nä­çe gü­nüň için­de be­den­den çy­kyp gid­ýär. Bi­ler­men­ler sak­gyç bi­len bag­ly ynan­jyň ha­ky­ka­ta esas­lan­ma­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler we bu ga­raý­şyň ça­ga­la­ryň sak­gyç ýu­wut­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin oý­la­nyp ta­py­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Bi­ler­men­ler yzy­gi­der­li ýag­daý­da sak­gyç ýu­wut­ma­gyň sag­lyk üçin örän zy­ýan­ly­dy­gy­na ün­si çek­ýär­ler. Aý­ra­tyn hem, ki­çi ýaş­ly ça­ga­la­ra sak­gyç ber­me­li däl­di­gi­ni we ça­ga­la­ryň sak­gyç ýu­wut­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.