“Samsung” kompaniýasynyň täze önümleri bilen tanyşdyrýan çäresi bolan “Unpacked”-iň nobatdakysy 23-nji sentýabrda geçiriler. Kompaniýanyň 14-nji sentýabrynda ýaýradan metbugat beýanatynda bu barada aýdylýar.
“Ýyllaryň dowamynda “Samsung” kompaniýasy bilen “Galaxy” modeliniň muşdaklarynyň arasynda aýratyn baglanyşyk emele geldi. Muşdaklaryň gymmatly teswirleri tolgundyryjy innowasiýalary amala aşyrmaga ýardam berdi, şeýle hem mobil telefon ulanylyşyny kämilleşdirdi” diýlip, kompaniýanyň beýanatynda aýdylýar.
Däp bolup gelýän çäräniň ady türkmen diline terjime edilende “gutudan çykarmak, açmak” manylaryny berýär. Awgust we sentýabr aýlarynda “Samsung” şeýle çäreleriň eýýäm ikisini geçirdi. Olaryň ilkinjisinde “Note 20”-niň modellerini, ikinjisinde bolsa, “Galaxy Z Fold 2”-ni köpçülige ýetiripdi.