Hal­ky­myz pa­ra­hat­çy­ly­ga, yn­san­per­wer­li­ge we asyl­ly ýö­rel­ge­le­re be­lent sar­pa goý­ýar. Pa­ra­hat­çy­ly­gyň da­ba­ra­lan­ma­gy bi­rek-bi­re­ge bo­lan yna­myň güý­jün­den göz­baş al­ýar. Şo­nuň üçin türk­men hal­ky goň­şy döw­let­ler we do­gan­lyk halk­lar bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li ös­dü­rip, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­ge da­ýan­ýan mil­li ýö­rel­ge­le­ri­ni asyr­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­leş­di­rip ge­lip­dir. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bu ýö­rel­ge Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň paý­has­ly baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de my­na­syp de­re­je­de ös­dü­ril­ýär. Şun­da eziz Di­ýa­ry­my­zyň alyp bar­ýan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty, dün­ýä ýurt­la­ry bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry uly ma­ny-maz­mu­na eýe bo­lup dur­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly: dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de se­bi­ta­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň or­ny» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat­da eden çy­ky­şyn­da: «Ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni, ulag ge­çel­ge­le­ri­ni, bar bo­lan üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa et­mek bi­len, tä­ze iri yk­dy­sa­dy tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­gy öňe sür­ýär» di­ýip nyg­ta­dy. Şeý­le hem türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ag­za­lan se­bit­ler­de hä­zir dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ener­ge­ti­ka, ulag hem-de üp­jün­çi­lik tas­la­ma­la­ry­nyň geo­sy­ýa­sy we geoyk­dy­sa­dy äh­mi­ýe­ti­ne fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň ün­sü­ni çe­kip, ola­ryň tä­ze ener­ge­ti­ka, ulag, se­na­gat, teh­no­lo­gik ge­çel­ge­le­ri dö­ret­mek ar­ka­ly Mer­ke­zi we Gü­nor­ta Azi­ýa se­bit­le­ri­ni bir­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di.
Hä­zir­ki wagt­da ener­gi­ýa, ulag we ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ryn­da uly müm­kin­çi­li­ge eýe bo­lan Türk­me­nis­tan bir­nä­çe iri hal­ka­ra we se­bit tas­la­ma­la­ry­ny yzy­gi­der­li öňe sür­ýär. Gel­jek­de ola­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len goň­şy se­bit­le­riň ara­syn­da yk­dy­sa­dy we söw­da hyz­mat­daş­ly­gy­ny döw­re­bap de­re­jä çy­kar­ma­ga, köp­ta­rap­la­ýyn se­bi­ta­ra gat­na­şyk­la­ra güýç­li iter­gi ber­mä­ge we tä­ze geoyk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­giň bi­na­gär­li­gi­ne esas dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we açyk­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly Gah­ry­man Ark­ada­gy­myz ta­ra­pyn­dan düý­bi tu­tu­lan da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ry my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär.
Giň we yg­ty­bar­ly hal­ka­ra ener­gi­ýa we ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa dü­züm­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi dur­nuk­ly ösü­şiň aý­ryl­maz şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­de, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak­da ýa­daw­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li dur­mu­şa ge­çir­ýän be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Gül­na­ra ABA­ÝE­WA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.