Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny ösdürmek we halkara maliýe edaralary bilen gatnaşyklary täze derejelere ýetirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň iň ygtybarly we uzak möhletli hyzmatdaşlarynyň biri hem Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankydyr.
Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky gatnaşyklar barha berkidilýär. Ýurdumyz 1992-nji ýylda bu abraýly halkara maliýe institutynyň agzalygyna kabul edilip, geçen döwrüň içinde özara bähbitli gatnaşyklaryň durnukly binýadyny gurmagy başardy. Şondan bäri ýurdumyzda maliýe ulgamyna häzirki zaman tejribesini ornaşdyrmak, önümçiligi goldamak we kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek boýunça köp sanly taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Şu ýyl Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasyndaky gatnaşyklar hakyky manyda täze, strategik tapgyra gadam basdy. Häzirki wagtda taraplar 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça täze Strategiýanyň gutarnykly görnüşini taýýarlamagyň üstünde işleýärler. Bu resminama diňe bir maliýe goldawyny däl, eýsem, döwlet we hususy pudaklara uzak möhletli düýpli maýa goýumlaryny çekmek üçin ygtybarly hukuk we ykdysady binýat bolar. Gatnaşyklary has-da utgaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň wekillerinden ybarat bolan aýratyn iş topary döredildi.
Ýurdumyz bilen bu bankyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ulag we logistika, hususy pudagy we telekeçiligi goldamak, ýangyç-energetika we «ýaşyl» ykdysadyýet hem-de maliýe-bank ulgamy ýaly ugurlarda giň gerimde ösdürilýär. «Global Gateway» strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin ýakyn geljekde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksat edinilýär. Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjy esasynda sebitara ykdysady geçelgelerine (CAREC, TRACECA) laýyklykda, Türkmenistanda döwrebap demir we awtomobil ýollaryny gurmak hem-de bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bank tarapyndan ýerli telekeçilere, gaýtadan işleýän senagata, azyk önümçiligine we logistika kärhanalaryna göni maliýe hem-de konsalting kömekleriniň berilmegi dowam etdirilýär. Türkmenistanyň «COP28» sammitinde Global Metan Borçnamasyna goşulmagy bilen, daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan arassa we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini (Gün we ýel energiýasy) ornaşdyrmak taslamalaryna aýratyn üns berler. Ýerli banklaryň işine halkara standartlaryny, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maýa goýum şertlerini gowulandyrmak ugrunda tagallalar edilýär. Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň hasabatlaryna görä, ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösüş depginini saklap galýar.
Gülnabat ALLANAZAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF









