Türkmen halkynyň gadymylygy bilen birlikde, onuň sungaty hem gadymydyr. Medeniýetimiziň bir şahasy bolan taryhy tapyndylar asyrlaryň dowamynda jemgyýetiň önümçilik talabyny kanagatlandyrýan möhüm serişde bolmak bilen, halkyň hünärmentlik derejesini kämilleşdirmekde hem uly mekdep bolupdyr. Dünýä alymlary taryhy öwrenenlerinde iki ýoldan ugur alýarlar. Olaryň birinjisi gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylýan arheologik tapyndylar, ikinjisi bolsa şol arheologik tapyndylarda saklanyp galan belgiler, suratlar we şekillerdir.
Ýurdumyzda ýerleşýän ýadygärlikler adamzadyň maddy medeniýetini öwrenýän alymlary baý tapyndylary bilen begendirip, taryhyň gatynda gizlenip galan syrlary açmaga, gadym zamandaky medeni gatnaşyklaryň häsiýetini we dünýä taryhynda tutýan ornuny aýdyňlaşdyrmaga kömek edýär. Toýundan ýasalan täsin şekilli heýkeljikler, ýüzüne şekil berlen daşdan ýonulyp ýasalan tapyndylar, möhürler ruhy medeniýetiň ösüşindäki ajaýyplyklary şöhlelendirýär. Arheologik tapyndylaryň arasynda köp duş gelen gymmatlyklaryň biri hem terrakota, ýagny, gyzylymtyl goňur reňkli bişirilen toýundan ýasalan kiçi heýkeljiklerdir. Şeýle heýkeljikleriň birnäçesi Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem saklanýar.
Türkmenistanda Jeýtun medeniýetiniň kemala gelmegi bilen, adamlaryň arasynda jemgyýetçilik gatnaşyklarynda hem özboluşlylyk ýüze çykypdyr. Irki döwürde adamlar ekin ekip ýerden, suwdan ýerlikli peýdalanyp, bol hasyl almagy başarypdyrlar. Olar ekerançylykda Günüň, ýagtylygyň möhümdigine düşünipdirler. Haýsydyr bir gudrata ynanan ata-babalarymyz toýundan heýkel ýasapdyrlar we bir işiň başyny tutan wagtlarynda ondan medet diläpdirler. Toprak hasyl berýär, topragyň döredijidigi, ähli jandarlaryň toprakdan emele gelendigi gadymy ekerançylaryň dini dünýägaraýşynyň içinden eriş-argaç bolup geçipdir. Ene perzendi dünýä getirýär we perzendini dürli bela-beterlerden goraýar, şonuň üçin oňa güýç-kuwwatyň, döredijiniň nyşany diýip düşünipdirler. Jeýtun medeniýetine degişli tapylan zenan heýkeljikleriniň ýüz keşbi adama meňzedilen hem bolsa, entek onda begenç, gaýgy, gahar ýaly adam duýgularyny beýan etmek mahsus bolmandyr. Emma olarda jemgyýetiň ösüş aýratynlyklarynyň alamatlaryna göz ýetirmek bolýar.
Altyndepeden tapylan toýun heýkellere syn edeniňde, şol döwürlerde täze, has kämil medeniýetiň, ýagny uly şäher gurluşygynyň, ilkinji ylmy garaýyşlaryň kemala gelendigini alamatlandyrýan şekiller bar. Jemgyýetde ekerançylygyň ösmegi bilen döredijilikli hünärmenler ýetişip başlaýar, söwda gatnaşyklary ýüze çykýar, küýzegärler dürli küýzeleri ýasap, onda öz elleriniň yzlaryny goýmak isläpdirler. Netijede, küýzeler tebigatdan alnan boýaglar bilen nagyşlanypdyr. Hat-ýazuwyň ilkinji alamatlarynyň ýüze çykmagy bilen möhürler ýasalyp başlanypdyr we ýazuw belgileri oňa geçirilipdir. Jemgyýetiň bu ösüşinde heýkel ýasaýan ussalar hem yzda galman, heýkelleriň ýüzünde ilkinji hat belgilerini galdyrypdyrlar.
Wagtyň geçmegi bilen heýkeller bürünçden hem ýasalypdyr. Ekerançylygyň ösmegi netijesinde adam öz el zähmetinden başga-da dürli haýwanlary ýer sürmek işine gatnaşdyryp başlaýar. Belki şonuň üçindir, tapylan gymmatlyklaryň içindäki dürli döwürlere degişli bolan heýkelleriň arasynda düýe, goç, geçi şekilli altyndan, kümüşden, bürünçden ýasalan iňňebagjyklara gabat gelinýär. Heýkeltaraşlyk sungaty Marguş medeniýetinde şeýle görnüşinde jemgyýetçilik hyzmatyny ýerine ýetiripdir. Marguş medeniýetinde heýkelleriň dürli görnüşi bilen birlikde olary işläp bejermekligiň dürli usullary bolupdyr. Olar kesme, oýma, düzme, ýelmeme usullaryny ulanypdyrlar.
Heýkeller Antik döwründe jemgyýetçilik gatnaşyklarynda binanyň bezeg bölegi bolup hyzmat edipdir. Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Nusaý hem gadymy medeniýetiň we sungatyň ösen mekanydyr. Bu ýerden heýkelleriň birnäçe görnüşi tapylýar. Nusaýdan tapylan gymmatlyklaryň içinde dünýä halklaryny haýrana goýýan süňkden ýasalan ritonlaryň frizleri (ýokarky bölegi) hem sahna eserlerini ýada salýan heýkeljikler bilen bezelipdir. Galdyrylan binalar hem heýkeller bilen bezelipdir. Maddy we ruhy medeniýetiň barha kämilleşmegi adamlaryň estetika, ýagny, gözellige bolan isleglerini artdyrypdyr. Şonuň üçin her bir senediň eýesi öndürýän önüminiň gözel bolmagyny isläpdir. Şeýlelikde, ussalar küýzeleriň daşyny, öý esbaplarynyň belli bir bölegini heýkeltaraşlyk sungatynyň kämil eserleri bilen bezäpdirler. Ol bezegleriň käbiri şol senediň eýesi barada maglumat berse, käbiri ussanyň öndüren önüminiň sany, wagty we başga-da birnäçe maglumaty özünde saklap, söwda ýollary bilen dünýä halklarynyň arasyna ýaýrapdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimizi hemmetaraplaýyn gorap saklamaga, ösdürmäge we baýlaşdyrmaga, dünýä halklaryny medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Milli medeniýetimiz ýaşlarda ahlak, edep-terbiýe gymmatlyklarynyň ösmegine hem kämilleşmegine, ruhy göreldäniň kemala gelmegine ýardam edýär. Çünki biziň ruhy gymmatlyklarymyzda milliligimiz jemlenendir.
Aýjeren ÝAÝLYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.
PDF









