Türkmenistan – gallaly ýurt

1

Türk­me­nis­tan ga­dym­dan bä­ri bug­da­ýyň, be­re­ket­li ha­sy­lyň we zäh­met­sö­ýer daý­han­la­ryň me­ka­ny hök­mün­de ta­nal­ýar. Şo­nuň üçin hem ýur­du­my­za «Gal­la­ly il» di­ýil­ýär. Bu at di­ňe bir bug­da­ýyň köp ön­dü­ril­ýän­di­gi­ni däl, eý­sem, hal­ky­my­zyň zäh­me­te bo­lan hor­ma­ty­ny hem gör­kez­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dö­re­dip ber­ýän giň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyp, yhlasly zäh­met çek­ýän gal­la­çy kä­ren­de­çi­le­r şu möw­süm­de şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­dan da­şa­ry bug­daý tab­şyr­ýar­lar. Gal­la­çy­lar bi­len ha­sap­la­şyk iş­le­ri­niň des­si­ne ge­çi­ril­me­gi ha­syl us­sat­la­ry­nyň zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­ni has-da art­dyr­ýar. Be­re­ket­li ha­sy­ly ýe­tiş­dir­me­giň aňyr­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek, daý­ha­na hem­me­ta­rap­la­ýyn kö­mek-gol­daw ber­mek ba­ra­da ed­ýän ala­da­la­ry, şo­nuň ýa­ly-da top­ra­ga ir­gin­siz hyz­mat edýän adam­la­ryň zäh­me­ti ýa­tyr. Bu üs­tün­lik­ler saz­la­şyk­ly iş­le­riň ne­ti­je­sin­de ga­za­nyl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Ahal we Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň gal­la­çy daý­han­la­ry şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Ýe­tiş­di­ri­len bug­daý ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak, gal­la ora­gy­ny gys­ga möh­let­de ta­mam­la­mak üçin ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Bu iş­ler­de oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ryn­dan ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ýar. Bug­daý ön­dü­ri­ji­ler bi­len döw­le­te tab­şy­ryl­ýan ha­syl üçin ha­sap­la­şyk­lar öz wag­tyn­da ge­çi­ril­ýär.
Bug­daý türk­men sa­ça­gy­nyň be­re­ke­di­dir. On­dan taý­ýar­la­nyl­ýan çö­rek hal­ky­myz üçin mu­kad­des ha­sap­lan­ýar. Türk­men­ler­de çö­re­ge uly hor­mat go­ýul­ýar, bu däp hal­ky­my­zyň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýurdumyzyň bug­daý meý­dan­la­ryna to­mus pas­lyn­da al­tyn öwüş­gin ça­ýylyp, aja­ýyp gör­nü­şe eýe bol­ýar. Ha­syl ýyg­nal­ýan möw­süm bol­sa, daý­han­lar üçin iň jo­gap­kär­li dö­wür­dir. Ola­ryň yh­la­sy ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň azyk bol­çu­ly­gy üp­jün edil­ýär. Gal­la­ly il hök­mün­de ta­nal­ýan ýur­du­myz­da di­ňe bir bug­daý ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­män, oba ho­ja­ly­gy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we azyk howp­suz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da hem uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Gal­la­nyň be­re­ke­di hal­kyň aba­dan­çy­ly­gy­dyr. Şo­nuň üçin her bir bug­daý dä­ne­si zäh­me­tiň, be­re­ke­diň we Wa­ta­na bo­lan söý­gi­niň ny­şa­ny­dyr.

Mähri REJEPOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.