Italiýanyň çempionatynda çempionlyk ýaryşy möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, täzeden möwç aldy. Sanawyň lideri “Napoli” toparyna öz meýdançasynda “Jenoany” ýeňmek başartmady. 2 gezek öňe saýlanan neapollylar çempionlyk ýolunda zerur bolan 2 utugy ýitirdiler. 2-2 hasabynda deňlikde tamamlanan oýunda “Napoliniň” gollaryny Lukaku bilen Raspadori, myhmanlaryň gollaryny bolsa Meret (ö.d.) hem-de Waskes geçirdi. Soňky çempion “Inter” myhmançylykda “Torinony” Zalewski (14) hem-de Aslaniniň (50 p) gollary bilen 2-0 hasabynda utdy. Şunlukda, “Napoli” bilen “Interiň” arasyndaky utuk aratapawudy 1-a düşdi. “Napoli” soňky 2 tapgyrda “Parma” (myhmançylykda) hem-de “Kaliari” bilen, “Inter” bolsa “Lasio” hem-de “Komo” (myhmançylykda) bilen duşuşar.

Myhmançylykda “Lasio” bilen duşuşan “Ýuwentus” 60-njy minutdan soň 1 oýunçy kem oýnap, 90+6-njy minutda ýeňşi elden giderdi (Wesino 90+6 – Kolo Muani 51). “Milan” öz meýdançasynda “Bolonýany” kabul edip, garşydaşy Orsolininiň goly esasynda öňe geçendigine garamazdan, Himenes (2) hem-de Pulişiçiň gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Milan – Bolonýa: 3-1 (Himenes 73, 90+3, Pulişiç 79 – Orsolini 49),

Komo – Kaliari: 3-1 (Kakre 40, Strefessa 45+2, Kutrone 78 – Adopo 22),

Lasio – Ýuwentus: 1-1 (Wesino 90+6 – Kolo Muani 51),

Empoli – Parma: 2-1 (Fazzini 11, Andžorin 86 – Džuriç 73),

Udineze – Monza: 1-2 (Lukka 75 – Kaprari 52, Balde 90),

Werona – Leççe: 1-1 (Koppola 41 – Krstowiç 24),

Torino – Inter: 0-2 (Zalewski 14, Aslani 50 p),

Napoli – Jenoa: 2-2 (Lukaku 15, Raspadori 64 – Meret 32 ö.d., Waskes 84),

Wenesiýa – Fiorentina (şu gije),

Atalanta – Roma (şu gije)