17-nji dekabrda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Bütindünýä türki diller maşgalasy gününe bagyşlanylan «Türkmen dili – türki dilli medeniýetleriň ulgamynda» atly onlaýn ylmy-usuly maslahat geçirdi.
Bu baýramçylyk ilkinji gezek bellenilýär, ol geçen noýabrda ÝUNESKO tarapyndan Samarkantda Baş maslahatyň 43-nji mejlisiniň çäklerinde döredildi. Kabul edilen çözgüde laýyklykda, 15-nji dekabr Bütindünýä türki diller maşgalasy güni diýlip yglan edildi. Ol halkara dil hyzmatdaşlygynyň, medeni taýdan ýakynlaşmagyň hem-de siwilizasiýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň wajypdygyny aýan etmäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw we umumybilim berýän orta mekdepleriniň professorlarynyň hem-de mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahat türkmen diliniň öwrenilmegine, bu ulgamda ylmy barlaglara we täze garaýyşlara bagyşlandy. Maslahatyň işi umumy mejlisi hem-de bölümçe mejlisleriniň 4-siniň geçirilmegini özünde jemledi.
Maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edebi eserleriniň ene dilini öwrenmek üçin uly ähmiýeti baradaky ylmy-usulyýet çykyşlar diňlenildi.
Çykyşlarda türki dilleriň maşgalasynda mynasyp orun eýeleýän türkmen diliniň baýdygy barada aýdyldy. Çykyş edenleriň ünsi türkmen dilini öwrenmegiň we okatmagyň taryhy ösüşinde hem-de häzirki zaman usulyýetlerinde jemlenildi.
Maslahatyň çäklerinde dil ylmynyň ösüşiniň möhüm ýagdaýlary, barlaglaryň usulyýeti, türki dilleriň umumylygy we özara baglanyşygy, dilleri öwrenmekde emeli aňyň hem-de sanly tehnologiýalaryň eýeleýän orny barada gürrüň berýän mazmunly çykyşlar diňlenildi.
Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly türkmen diliniň öwrenilişine, şeýle hem häzirki döwürde öňde durýan wezipelere hem-de türkmen alymlarynyň we dilçileriniň alyp barýan işleriniň netijelerine aýratyn üns berildi.
Çykyşlarda Bütindünýä türki diller maşgalasy gününi döretmegiň uly ähmiýeti bellenildi. Ol türki dilli halklaryň dil, medeni we taryhy mirasynyň umumylygynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Bellenilişi ýaly, bu başlangyç köp babatda lingwistik barlaglar, bilim we medeni alyşmalar babatda halkara gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam eder.
Geçirilen ylmy-amaly maslahat tejribe alyşmak hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda türkmen dilini öwrenmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin netijeli meýdança öwrüldi.