Milli çempionatlardaky 20 günlük arakesme tamamlanyp, klub futboly galan ýerinden badalga aldy. Germaniýanyň çempionaty “Bundesligada” 5-nji tapgyryň açylyş duşuşygy ýer eýeleri üçin dramatik ýagdaýda tamamlandy. Öz meýdançasynda “Werderi” kabul eden “Borussiýa Dortmund” Swenssonyň 80-nji hem-de Şlotterbergiň 85-nji minutlardaky gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik bremenliler 88-nji minutda Reýsiň, 90+2-nji minutda-da Niklas Fülkrugyň gollary bilen hasaby deňledi.
PDF








