“Soňky jaň” dabarasy belleniler

15

2025-2026-njy okuw ýyly tamamlanyp barýar. 25-nji maýda “Soňky jaň” dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak çärelere ykjam taýýarlyk görülýär.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda okuw ýylynyň tamamlanmagy, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 25-nji maýda Garaşsyzlyk binasyna, ýurdumyzyň welaýatlarynyň baýdak meýdançalaryna gül goýmak dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Soňra ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” atly şygar bilen “Soňky jaň” dabaralary geçiriler. Göreldeli uçurymlara, kärine ussat bilim işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylar. Baýramçylyk gününde uçurymlaryň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär. Baýramçylyk mynasybetli sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Bu barada 15-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow bu seneler mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.