Soňky minutlarda kembek eden “Inter” finala adyny ýazdyrdy

32

Italiýanyň Kubogy ýaryşynda (Coppa Italia) ilkinji finalçy belli boldy. Ýarym finalyň jogap duşuşygynda “Inter” öz meýdançasynda “Komo” toparyny kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda “Komo” topary Baturinanyň 32-nji, Da Kunýanyň 48-nji minutdaky gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik “Inter” topary 69-njy hem-de 86-njy minutlarda tapawutlanan Hakan Çalhanoglunyň gollary bilen hasaby deňledi. 89-njy minutda bolsa Suçiç “Interi” öňe geçirdi. 1-nji oýny golsuz geçen ýarym finalyň jogap duşuşygynda 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Inter” topary taryhynda 16-njy gezek finala çykdy. “Inter” topary şolaryň 9-synda ýeňiji bolup, “Ýuwentusdan” soň 2-nji orny “Roma” bilen paýlaşýar. “Interiň” bäsdeşi “Atalanta” ýa-da “Lasio” topary bolar.

Final duşuşygy 13-nji maýda Rimde oýnalar.