Gyş paslynyň gelmegi bilen üşemezlik üçin galyň egin-eşikler geýilýär. Sowuk howa diňe özümize däl, eýsem, ulag serişdelerine, hojalykda ulanylýan enjamlara, hatda telefonymyza hem öz täsirini ýetirýär. Sowuk howada birden telefonyňyzyň öçendigini, işläp durka duýdansyz ýüzüniň ýapylandygyny ýa-da zarýady gowşak saklaýandygyny gören bolsaňyz gerek. Eýsem, munuň sebäbi näme?!
Sowuk howa telefonyň batareýasyna zyýan ýetirmek bilen bir hatarda, smartfonyň ekranyna we datçiklerine hem täsir edýär. Gyş paslynda telefonyň zarýad saklaýşyna we ulanylyş aýratynlyklaryna üns bermeli. Hünärmenler sowuk howada telefonyň gowşak işlemeginiň sebäbini batareýadaky ionlaryň hereketi bilen düşündirýärler. Smartfonlarda adatça litiý-ion batareýalary ulanylýar. Batareýada himiki täsirleşme (reaksiýa) esasynda zarýadly bölejikler zynjyrlara iberilip, energiýa öndürilýär. Sowuk howa bolsa, bu täsirleşmäni haýalladýar. Zarýadlanan bölejikler hereket etmekde kynçylyk çekýärler we batareýanyň garşylygy ýokarlanýar. Netijede, telefonyň zarýady birden çökýär ýa-da telefonyň ýüzi ýapylyp bilýär. Sowuk howada telefonyň zarýad alşy hem üýtgäp durýar. Mysal üçin, bir minutda 50% zarýad alyp, indiki minutda batareýa doly çökýär. Sebäbi batareýanyň içki himiki gurluşy sowukda deňagramsyz bolýar. Gyşda telefonyň LCD ekrany doňup, haýallap ýa-da ýüzi bulaşyp hem bilýär. Şeýle hem howanyň pes temperaturasynda telefonyň içki datçikleriniň duýgurlygy hem ýitip bilýär.
Telefonyň işleýiş temperaturasynyň çägi
Smartfonlaryň köpüsi +45 dereje gyzgynlykdan -20 dereje sowuga çenli işlemek üçin niýetlenendir. Smartfonyň käbir görnüşi -35 derejede hem üýtgemän işleýär. Aşa sowuk ýurtlarda gyş paslynyň gelmegi bilen telefon ulanylyşy azalýar. Oňa derek wagty we ugry kesgitlemek üçin goşar sagatlary ulanylýar.
Sowukda telefony nähili ulanmaly?
Smartfony gyş eşiginiň içki jübüsinde götermeli. Şeýlelikde, bedeniň ýylylygy telefony hem gyzdyryp durýar. Eger «akylly» sagat dakynýan bolsaňyz, bu enjamy penjegiňiziň ýa-da paltunyň ýeňi bilen ýapyp, doňmagynyň öňüni alyp bilersiňiz. Buz ýaly telefona zarýad berilmeýär. Telefon adaty temperatura geçenden soň, batareýasynyň işleýşi kadaly ýagdaýa gelýär. Eger telefonyňyz «üşän» bolsa, otag temperaturasynda goýup, haýaljakdan gyzýança garaşmaly. Sowuk ýerden birden gyzgyn ýere geçirilmegi telefona zeper ýetirip biler. Bu enjamy gyzdyrmak üçin pejiň ýanynda ýa-da mikrotolkun pejiň içinde goýmaly däl. Hünärmenler aşa sowuk howada telefony seýrek ulanmagy we ýyly saklamagy maslahat berýärler.
PDF









