Beden we ruhy sagdynlyk ynsanyň esasy baýlygydyr. Ýurdumyzda halkyň sagdynlygynyň bagtyýarlyga ýol açýandygy baradaky garaýyş nesilden-nesle geçip, adamlaryň aňyna siňipdir. Adam näçe köp hereketde boldugyça onuň gan aýlanyşynyň gowulaşýandygy, bedeniniň barha taplanýandygy ylmy taýdan subut edilen hakykatdyr.
Döwletimiziň dürli künjeginde saglygyňy berkidýän lukmançylyk merkezleriniň, şypahanalaryň, milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä göteren beýleki ugurdaş desgalaryň, dynç alyş seýilgähleriniň, sport mekdepleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi halkymyzyň saglygyny goramakda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Dünýäniň öňdebaryjy we tanymal tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu ýerlerde saglygyňy berkitmek we dikeltmek üçin ähli şertler döredilen.
Biziň halkymyzda sagdynlyga, arassa ahlaklylyga, berk bedenli we kämil ruhlulyga uly ähmiýet berilýär. Ata-babalarymyzyñ sagdyn durmuş we röwşen geljek hakyndaky ýörelgeleri berk bedenli nesilleriň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikleri tejribe alyşmak esasynda, keselleriň sany azalýar. Ýurdumyzyň senagatyny ösdürmek we derman serişdeleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça giň möçberli çäreler geçirilýär, hünärmenleri taýýarlamaga we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, lukmançylyk ylmyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň 2025-nji ýyla çenli saglygyň ählumumy derejesini we onuň ösüş meýillerini häsiýetlendirýän çaklamalaryna laýyklykda, adamlaryň ömrüniň dowamlylygynyň artmagy we lukmançylyk üpjünçiliginiň ýokarlanmagy netijesinde, dünýäniň ilatynyň uzak ýaşlylarynyň sanynyň köpelmegine garaşylýar.
Dünýäde her ýylyň 6-njy aprelinde giňden bellenilip geçilýän Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna Halkara sport güni Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň durmuşynda sportuň we beden işjeňliginiň wajyp orun eýeleýändigini görkezmäge giň mümkinçilik berýär.
Sport durmuş gatnaşyklaryny berkitmekde we durnukly ösüşe hem-de parahatçylyga, şeýle hem raýdaşlyga, hemmelere hormat goýulmagyna ýardam bermekde kuwwatly guraldyr.
Birleşen Milletler Guramasy aýry-aýry adamlary we toparlary birleşdirmek üçin peýdalanylan halatynda sportuň güýjüni we köpugurly häsiýetini hemişe ykrar edip gelýär. Şu maksat bilen ählumumy we ýerli derejelerde dürli çäreler geçirilýär, şeýle hem sport bilen baglanyşykly ýörite çäreler toplumlary işlenip taýýarlanylýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, geçen ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň
78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwleti awtordaş bolup çykyş etdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiziň «Adam ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagy saglyga oňaýly täsir edýär» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda her bir ynsanyň beden taýdan berk we sagdyn bolmagyny gazanmak, sport we bedenterbiýäni ählihalk islegine öwürmek, sagdyn jemgyýeti terbiýelemek üçin uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Gunça KAKAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.