Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi fi­zi­ki zäh­me­ti ýe­ňil­leş­di­rip, oňyn täsirini ýetirýär. Şeý­le-de bol­sa, bu ýag­daý he­re­ket­siz­li­ge hem se­bäp bol­ýar. Bu ýag­daý ça­ga­la­ra hem de­giş­li­dir. Ça­ga­lar te­le­wi­zo­ra, el te­le­fon­la­ry­na we beý­le­ki elekt­ron en­jam­la­ra has köp wagt sarp ed­ýär­ler. Sport bi­len meş­gul­lan­mak ça­ga­la­ryň gü­nüň do­wa­myn­da ge­çir­ýän he­re­ket­siz wag­ty­nyň azal­ma­gy­na, fi­zi­ki we ru­hy taý­dan sag­dyn ös­me­gi­ne ge­tir­ýär. Bi­ler­men­ler ça­ga­nyň hö­we­si­ne gö­rä ki­çi ýaş­lar­dan haý­sy­dyr bir sport gör­nü­şi­ne ug­ruk­dyr­ma­gyň onuň ösü­şi­ne tä­sir et­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Sport bi­len meş­gul­lan­ýan ça­ga kadaly ös­ýär. Sport bi­len meş­gul­la­ny­lan­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän he­re­ket­ler ada­myň der­le­me­gi­ne we der ar­ka­ly be­de­nin­dä­ki zy­ýan­ly mad­da­la­ryň bö­lü­nip çyk­ma­gy­na ge­tir­ýär. Şeý­le hem ça­ga ajyg­ýar we ýa­da­ýar. Bu bol­sa onuň iş­dä­si­niň açyl­ma­gy­na, gi­je­si­ne ra­hat uk­la­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Okuw­dan daş­a­ry sport bi­len meş­gul­lan­ýan ça­ga deň-duş­la­ry bi­len du­şu­şyp, tä­ze dost­lar tutunýar. Bi­ler­men­le­riň bel­le­megi­ne gö­rä, sport ça­ga­nyň mek­dep­dä­ki ýe­ti­şi­gine hem go­şant goş­ýar.

Göw­her ÖWE­ZO­WA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.