«SpaceX» kompaniýasynyň dünýäniň ähli ýerini ýokary tizlikli internet tehnologiýasy bilen üpjün etmek maksady bilen döreden «Starlink» emeli hemra torunyň çägi barha giňeýär. Hindistanyň «Bharti Airtel» aragatnaşyk kompaniýasy «Starlink» hyzmatyndan peýdalanmak üçin ylalaşyk gazandy. «Bharti Airtel» dünýäniň iň köp ilatly ýurdunyň ikinji uly aragatnaşyk operatory hasaplanýar. Ilkibaşda, «Starlink» hyzmatynyň «Bharti Airtel»-iň müşderilerine hödürlenmegi üçin gözleg işleri geçiriler. Ylalaşygyň çäklerinde «Starlink» enjamlarynyň satuwa hödürlenmegi, «Bharti Airtel» arkaly «Starlink» hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, ýurduň çäginde iki kompaniýanyň infrastrukturalarynyň bilelikde ulanylmagy hem göz öňünde tutulýar.
Aýna GULLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň dosenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.