NATO-nyň öňki baş sekretary Ýens Stoltenberg Norwegiýanyň täze maliýe ministri boldy. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berýär.
Norwegiýanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümini ýurduň Premýer-ministri Ýonas Gar Stýore yglan etdi. Ol dolandyryjy koalisiýa dargansoň Kabinetini üýtgetmäge mejbur boldy. Ondan öň Norwegiýanyň maliýe ministri bolup işlän Trýugwe Wedumyň ýolbaşçylygyndaky Merkez partiýasy Sosial-demokratlar bilen hyzmatdaşlygyny bes edilendigini habar berdi. Munuň sebäbi ýewroskeptikleriň öz ýaranlarynyň energiýa syýasaty we Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmak meýilnamalary bilen ylalaşmazlygydy.
Stoltenberg 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda NATO-nyň Baş sekretary wezipesinden çekildi. Onuň ýerine Niderlandlaryň öňki Premýer-ministri Mark Rýutte geçdi. Ilkibaşda Stoltenbergiň 2025-nji ýylda Mýunheniň howpsuzlyk boýunça konferensiýasynyň täze başlygy boljakdygy habar berlipdi.