Surat çekýän robot

259

Eme­li aň we ro­bot teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň ös­me­gi bi­len dür­li uky­by bo­lan en­jam­lar peý­da bol­dy. In­di aw­to­mat­laş­dy­ry­lan en­jam­lar otag­la­ry aras­sa­la­mak, ütük et­mek däl, eý­sem su­rat çek­mek ýa­ly has çyl­şy­rym­ly iş­le­ri hem ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Hü­när­men­ler su­rat­keş­le­re kö­mek­çi hök­mün­de “Fri­da” at­ly ro­bo­ty iş­läp taý­ýar­la­dy. ABŞ-nyň Pitts­burg şä­he­rin­dä­ki Kar­ne­gi-Mel­lon uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri­niň taý­ýar­lan ro­bot go­ly su­rat­keş­le­re kö­mek eder. Ro­bo­tyň ady­na mek­si­ka­ly meş­hur ze­nan su­rat­keş Fri­da Ka­lo­nyň ady ber­lip­dir. Şeý­le hem bu söz “Fra­me­work and Ro­bo­tics Ini­tia­tive for Develo­ping Arts” sö­zü­niň gys­ga­ça ýa­zy­ly­şy­dyr. Bu en­jam fo­to­su­rat­la­ry “gör­mek” hem-de saz “diň­le­mek” ar­ka­ly su­rat çe­kip bil­ýär.
Hü­när­men­ler bu ro­bo­ty öz pi­ki­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek­de kyn­çy­lyk çek­ýän adam­la­ra kö­mek et­mek mak­sa­dy bi­len iş­läp dü­züp­dir­ler. Hä­zir­ki wagt­da do­lu­ly­gy­na öz­baş­dak su­rat çe­kip bil­ýän eme­li aň­ly ro­bot­lar hem bar.

Aýgözel Gulbatyrowa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.