Fransiýanyň gämigurluşyk kompaniýasynyň inženeri Žan-Mişel Duakançelle tarapyndan täsin myhmanhana işlenip düzüldi. Tegelek görnüşli «Anthenea» atly bu myhmanhana ilkinji gezek geçen ýyl tanyşdyrylypdy. Daşky gurşawa zeper ýetirmeýänligi bilen tapawutlanýan gämi şekilli myhmanhana ozal ulanylan materiallardan ýasalypdyr. Ýokarsyna ýerleşdirilen Gün panelleri arkaly elektrik energiýasy bilen üpjün edilýän täsin gämi şekilli myhmanhana esasy üç bölekden we iki gatdan ybarat. Myhmanhananyň içki dizaýnyny «Pierre Cardin» kompaniýasynyň hünärmenleri döredipdirler. Aşaky gatda diwan, sowadyjy, aşhana ýaly zatlar göz öňünde tutulypdyr. Dynç alyş wagty gämide bar bolan süýji suwy hem-de deňizden alnan suwy ulanyp bolýar. Ýokarky gatda 12 orunlyk dynç alyş otagy bar. Isleg bildirýän müşderiler bu bölüme odun ýakylýan peç goşduryp bilýärler. Ähli gatlarda daş-töweregi synlamak üçin penjireler bar. Şeýle hem suwa batyp durýan ýerinde hem penjire ýerleşdirilip, ondan deňziň düýbündäki jandarlary görüp bolýar. Deňizde pes tizlikde hereket edýän «Anthenea» güýçli ýel bolanynda batmaýanlygy bilen tapawutlanýar. Täsin gämini 30 dereje sowuk, 40 dereje yssy howada ulanyp bolýar. Gämide 6 sany elektrik energiýasy bilen işleýän motor oturdylypdyr. Gämi köpçülikden uzakda, asuda ýerde dynç almagy halaýanlara niýetlenipdir. Täsin gämidäki ähli zady uzakdan dolandyryp bolýar.