Syýahatçylyk möwsüminde çäklendirmeler aýrylar

104

Gresiýada pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleri azaltmak kararyna gelindi. Ýurduň saglygy goraýyş ministri Tanos Plewris ýapyk binalarda talap edilýän “COVID pass” atly sanjymy alandygyň baradaky kepilnamanyň görkezilmeginiň 1-nji maýdan başlap talap edilmejekdigini aýtdy. Ministr epidemiologik maglumatlara we bilermenleriň maslahatlaryna salgylanyp, şeýle netijä gelendiklerini belledi. Şeýle hem talyplardan talap edilýän hepdede iki gezek “Covid-19” barlagyndan geçmek düzgüniniň hem ýatyryljakdygyny habar berdi. Ýapyk binalarda agyz-burun örtügini dakmak bolsa, 31-nji maýa çenli dowam eder. 1-nji sentýabrda bolsa, bu çäklendirmelere gaýtadan serediler.

Güneşli adalary bolan Gresiýa dünýäniň iň meşhur syýahatçylyk ýurtlarynyň biridir. 11 million ilaty bolan ýurduň ilatynyň 72 göterimi doly sanjym alypdyr. Ýurda 2019-njy ýylda 33 milliondan gowrak syýahatçy gelipdir. Bu ýyl bolsa şol görkezijiniň 80 göterimine barabar jahankeşdäniň gelmegine garaşylýar.

Maýsa Gubaýewa,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby