Golaýda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Ösüş üçin innowasiýa – 2026” atly taslama işleriň sergi bäsleşigi geçirildi. Ylmy-döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinden ylma we hünär döredijiligine höwesli ýaşlar ylmy-taslama işleri bilen şahsy hem-de onlaýyn tertipde gatnaşdylar.
Ylmy döredijilik bäsleşigine umumy orta bilim berýän orta mekdepleriň birnäçesi şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda alnyp baryldy. Işler eminler topary tarapyndan baha berildi we iň gowy işleri görkezen talyplaryň hem-de okuwçylaryň birnäçesi ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, ýeňijiler degişli diplomlara we ýörite baýrakly orunlara mynasyp boldular. Geçirilen taslama we sergi bäsleşigine institutyň ýaş alymlar geňeşiniň halypa mugallymlary hem täze innowasion taslama işleri bilen gatnaşyp, ýaşlara özleriniň gymmatly maslahatlaryny jemgyýetçilik köpçüligine ýetirdiler.
Bu taslama we sergi işleriniň çäklerinde medeni aýdym-sazly dabarada giň orun berildi. “Ösüş üçin innowasiýa – 2026” atly taslama we sergi bäsleşigine gatnaşan ýurdumyzyň ylyma, bilime höwesli ýaşlary çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Gowşut ÝAZMYRADOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň geografiýa hünäriniň IV ýyl talyby.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň işjeň agzasy.