Argentinada ilkinji gezek 10 müň peso gymmaty bolan banknotlar dolanyşyga girizildi. 11 amerikan dollaryna barabar bolan täze banknotlar adamlaryň köp nagt pul götermeginiň öňüni alar. Ýurduň Merkezi banky nagt ulanylyşyny aňsatlaşdyrmak maksady bilen hümmeti has ýokary puly taýýarlady. Şeýle hem bank ýylyň ahyryna çenli 20 müň pesolyk banknotlaryň hem dolanyşyga goýberiljekdigini mälim etdi. Täze banknotlaryň çykmagy puluň daşalmagynda hem-de töleg edilende peýdaly bolar.
Täze pullar Hytaýda çap edilipdir. Ýurtda banknot çap etmäge mümkinçilik bar. Emma bu islegi kanagatlandyryp bilmändigi sebäpli Hytaý, Braziliýa we Ispaniýa ýaly ýurtlarda pul çap edilýär.
2023-nji ýylda çap edilen 2 müň peso gymmaty bolan banknotlar ýetmezçilik edýär. Ýurtda has köp 1000 pesolyk banknotlar ulanylýar. Dolanyşykdaky 1000 pesolyk banknotlaryň sany geçen ýyl 2022-nji ýyldakydan iki esse köpelipdi. Ýurtda töleg edilende, esasan, nagt pul ulanylýar.
Latyn Amerikasyndaky ýedi ýurtda hem-de Filippinlerde peso atly pul birligi ulanylyp, her ýurduň öz milli pesosy bar.
Atageldi ARAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









