Yragyň parlamenti Muhammed Şia as-Sudaniniň baştutanlygyndaky täze hökümetiň agzalaryny tassyklady. Bu barada “Interfax.ru” habar berdi.

Ýurduň parlamenti täze Premýer-ministr Muhammed Şia as-Sudani tarapyndan teklip edilen 21 ministrden ybarat bolan täze hökümetiň agzalaryny tassyklady. Täze hökümet ýurtda iki ýyldan hem uzaga çeken syýasy çökgünlikden soňra iş başyna geldi.

13-nji oktýabrda Yragyň täze Prezidenti Abdel Latif Reşid resmi taýdan döwlet Baştutany hökmünde kasam kabul etdi. Ol wezipesine girişenden soň, Muhammet al-Sudany hökümet başlygy edip belledi. Al-Sudanyň Premýer-ministrlige dalaşgärligini şaýy parlament bileleşigi “Utgaşdyryjy güýçler” hödürledi. Al-Sudani Yragyň Prezidentiniň özüne ýurduň parlamentindäki iň uly syýasy blogyň wekili hökmünde täze hökümeti gurmagy tabşyrandygyny aýtdy.