3-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleler girizildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, polkownik Gurbanmyrat Annaýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, polkownik Nazar Atagaraýew milli howpsuzlyk ministri wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.