Täze ýyl hemmeler üçin uzak garaşylýan hem-de şatlykly bellenilýän baýramlaryň biridir. Bu baýramçylygyň esasy aýratynlygy bezelen arça agaçlarydyr. Her ýurduň özboluşly arçalary bar. Olaryň şu wagta çenli guralan iň özboluşly hem-de adaty bolmadyk görnüşleri dünýäniň dürli ýerlerinden syýahatçylary özüne çekýär.
Awstraliýadaky Täze ýyl arçasy ýarym milliondan gowrak «Lego» oýunjagyndan ýasaldy. Gondurasdaky arça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu arçanyň şekilini emele getirmek üçin 3 müňe golaý adam bir ýere jemlendi.
Italiýanyň Gubbio şäheriniň ýaşaýjylary arçanyň şekilini şäheriň islendik künjeginden görüp bilýärler. Her ýylda şäheriň ýanyndaky Injino dagynyň eteklerinde çyralardan arçanyň äpet şekili ýasalýar. Uzynlygy 650 metre ýetýän bu şekil Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Braziliýanyň meşhur Rio-de-Žaneýro şäherindäki dört sany äpet Täze ýyl arçasy Lagoa kölüniň ortarasynda «ýüzýän» platformada berkidildi. Olaryň her biri dürli reňkde öwüşgin bermegi bilen tapawutlanýar. Waşingtondaky Täze ýyl arçasy bolsa, 7 müň kilometr uzakdan – Alýaskadan getirilipdir. Umuman, Täze ýyl baýramçylygyna öwüşgin çaýýan arçalar barada gyzykly maglumatlar köp.
Aýmyrat KAKAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









