10-njy iýunda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri G. Mikanadze bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň ylmy-bilim edaralarynyň arasyndaky uzak möhletleýin özara gatnaşyklar üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýän şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň häzirki meselelerine aýratyn üns berildi.
Gepleşige gatnaşyjylar akademiki ykjamlylygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalşygyny giňeltmegiň, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň we ýokary hünärli kadrlar taýýarlamak ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmagyň ähmiýetini nygtap geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ylmy hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar we ylmy-bilim ulgamynda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen täze başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
PDF









