To­mus­da ge­ze­lenç edil­me­li ýer­ler

0

To­mus pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len adam­lar haý­sy­dyr bir ýe­re gi­dip, dynç al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Gi­dil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän ýer­le­riň sa­na­wyn­da sal­kyn şä­her­ler, de­ňiz ke­nar­la­ry, mu­zeý­ler, owa­dan te­bi­gat­ly ýer­ler we dag­lyk oba­lar esa­sy or­ny eýe­le­ýär.
To­kio. Ýur­duň iň köp ilat­ly şä­he­ri bo­lan To­kio­da 14 mil­li­on­dan gow­rak adam ýa­şa­ýar.
2 müň 194 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tut­ýan bu şä­her sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. «Ne­on yşyk­la­ryň şä­he­ri» ady bi­len ta­nal­ýan To­kio­da tom­su­na ho­wa 20-23 de­re­je­de sak­lan­ýar. To­kio her ýyl 30 mil­li­on­dan gow­rak myh­man bar­ýar. Şäheriň iň owa­dan ýer­le­ri­niň sa­na­wyn­da «To­kio Skyt­ree» ýaý­lym we gö­zeg­çi­lik di­ňi öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ýa­po­ni­ýa­nyň iň be­ýik gur­lu­şy bo­lan bu bi­na­nyň boýy 634 met­re ýet­ýär. Su­mi­da der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän bu şä­he­ri ga­ýyk­ly ýa-da gä­mi­li ge­ze­lenç edip, ýa­pon me­de­ni­ýe­ti­ne de­giş­li gö­zel­lik­le­ri ýa­kyn­dan syn­lap bol­ýar.
«Jen­net der­we­ze­si». Hy­ta­ýyň Týan­men dag­la­ryn­da ýer­leş­ýän meş­hur ýer­le­riň bi­ri «Jen­net der­we­ze­si» (Týan­men go­wa­gy) bo­lup, her ýyl mil­li­on­lar­ça sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýär. Iki ga­ýa­nyň bir­leş­ýän ýe­rin­de te­bi­gy ýag­daý­da süýn­mek açyk go­wak eme­le ge­lip­dir. Edil da­gyň gi­rel­ge ga­py­sy ýa­ly gö­rün­ýän bu ýe­re «Jen­net der­we­ze­si» diý­lip at ber­lip­dir. Da­gyň gi­rel­ge­si­ne bar­mak üçin jül­ge­den ýo­kar­ly­gy­na beý­ge­lip gid­ýän 999 bas­gan­çak ýol geç­me­li. Bas­gan­çak­la­ryň 9-lyk san bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ma­gy ýö­ne ýer­den däl. Se­bä­bi hy­taý me­de­ni­ýe­tin­de 9-lyk san ba­ky­ly­gy aň­lad­ýar. Daş-tö­we­re­gi to­kaý bi­len gur­şa­lan 1260 metr be­lent­lik­de bu­lut­la­ryň ara­syn­da ýö­re­mek sy­ýa­hat­çy­lar­da öz­bo­luş­ly duý­gu­la­ry dö­red­ýär. Bas­gan­çak­ly jül­gä­niň be­ýik­li­gi 131 met­re ba­ra­bar bo­lup, ini 50 metr tö­we­re­gi­dir.
Ma­ýa­mi Biç. 1915-nji ýy­lyň 26-njy mar­tyn­da dö­re­di­len Ma­ýa­mi Biç şy­pa­ha­na şä­he­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. Flo­ri­da şta­ty­nyň gü­nor­ta­syn­da ýer­leş­ýän ada şä­he­ri ak çä­ge­li owa­dan ke­nar­la­ry bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni çek­ýär. Ma­ýa­mi Biç 3 sa­ny dynç alyş mer­ke­zi­ni özün­de jem­le­ýär. 48,5 in­de­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tut­ýan Ma­ýa­mi Biç bi­na­gär­lik gur­lu­şy­gy bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Ke­nar­ýa­ka şä­he­riň «Okean Drive» kö­çe­si­niň ug­run­da­ky res­to­ran­lar­da açyk ho­wa­da na­har­lan­mak, «Wyn­wo­od Walls» sun­gat meý­dan­ça­syn­da aý­lan­mak, «Jung­le Is­land» suw se­ýil­gä­hin­de ga­zyk­ly ge­ze­lenç et­mek, «Er­kin­lik di­ňi» bi­na­syn­da­ky mu­ze­ýi göz­den ge­çir­mek, ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Er­nest He­min­gue­ýiň ýa­şan öýü­ne bar­mak sy­ýa­hat­çy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri gal­dyr­ýar. Ma­ýa­mi Biç­de her ýy­lyň dekabr aýyn­da hem­mä­niň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan «Art Ba­zel» fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär. Şä­her­de 44 sa­ny se­ýil­gäh, 2 sa­ny golf meý­dan­ça­sy, 2 ten­nis mer­ke­zi, şä­he­riň bir çe­tin­den beý­le­ki çe­ti­ne bar­ýan suw ýo­ly, köp san­ly ho­wuz, buz meý­dan­ça­la­ry bar.
Luwr mu­ze­ýi. Dün­ýä­niň iň uly mu­zeý­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan «aý­na­ly pi­ra­mi­da» 1793-nji ýyl­da myh­man­la­ra ga­py­sy­ny aç­ýar. Se­na der­ýa­sy­nyň sag ke­na­ryn­da, Luwr köş­gü­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da gur­lan köp asyr­lyk mu­zeý­de 35 müň­den gow­rak sun­gat eser­le­ri köp­çü­li­ge hö­dür­len­ýär. 8 bö­lüm­den yba­rat mu­zeý­de sak­lan­ýan çe­per eser­le­riň ag­la­ba bö­le­gi kar­ti­na­lar­dan dur­ýar. Bel­lenilişine gö­rä, dün­ýä bel­li su­rat­keş­le­riň çe­ken 7500-den gow­rak port­ret­le­ri mu­ze­ýiň sun­gat ga­le­re­ýa­syn­da sak­lan­ýar. Olar­dan ital­ýan su­rat­ke­şi Leo­nar­do da Win­çi­niň Mo­na Li­za ba­gyş­lan port­re­ti uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. 4 sa­ny gi­rel­ge­si bo­lan Luwr mu­ze­ýi­ne her gün 15 müň tö­we­re­gi, her ýyl bol­sa 9 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy bar­ýar.
Wen­gen oba­sy. Alp dag­la­ry­nyň ete­gin­de, de­ňiz de­re­je­sin­den 1274 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýän Wen­gen oba­syn­da 1000-den gow­rak adam ýa­şa­ýar. Bu oba Şweý­sa­ri­ýa­nyň meş­hur ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lup, to­mus möw­sü­min­de has köp sy­ýa­hat­çy bar­ýar. Wen­gen oba­sy suw şy­pa­ha­na­sy, as­ma ýo­ly, ly­ža ýa­ryş­la­ry, gur­jak teatr­la­ry hem-de «Men­dels­sohn» aý­dym-saz hep­de­li­gi bi­len meş­hur­dyr. Aras­sa dag ho­wa­sy­nyň ha­pa­lan­maz­ly­gy üçin bu ýer­de ulag sür­mek ga­da­gan edil­ýär.