Öň ta­ga­my­ny dat­ma­dyk mi­wä­ňi il­ki­baş­da gö­re­niň­de, onuň nä­hi­li mi­we­di­gi we ta­ga­my ba­ra­da öňün­den çak­lap bol­ýar. Em­ma kä­bir mi­wä­niň daş gör­nü­şi baş­ga­ça bo­lup, ony iýil­ýän­dir hem öýt­me­ýär­siň. Gür­rü­ňi­ni ed­ýän mi­wä­mi­ziň ga­by­gy saç ýa­ly tüý­jü­mek bo­lup, ki­çi­jik re­zin top­ja­ga­za meň­ze­ýär. Bu mi­wä ram­bu­tan di­ýil­ýär.
Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da tro­pik gur­şaw­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän ram­bu­tan en­de­mik mi­we bo­lup, ösüm­lik­le­riň «sa­pin­daceae» maş­ga­la­sy­na de­giş­li­dir. Bu mi­wä­niň ata Wa­ta­ny Ma­laý­zi­ýa ha­sap­lan­ýar. «Ram­bu­tan» ma­laý di­lin­dä­ki «ram­but» sö­zün­den ge­lip çy­kyp, «tüý­li mi­we, saç» diý­me­gi aň­lad­ýar. Da­şyn­dan gö­räý­mä­ge re­zin oý­na­wa­ja meň­ze­ýän bu mi­wä­niň ulu­ly­gy 3-6 san­ti­metr ara­ly­gyn­da bol­ýar. Ga­by­gy üpür­jik­li ram­bu­ta­n, esa­san, gy­zyl reňkde bo­lup, seý­rek ýag­daý­da mä­mi­şi ýa-da sa­ry gör­nüş­le­rem duş gel­ýär. Için­de ýu­murt­ga şe­kil­li iýil­ýän bö­le­gi bo­lup, üzü­miňki ýaly süý­jüm­tik ta­ga­my bar. Golf to­pu­nyň ulu­ly­gyn­da­ky bu mi­wä­niň ýe­ke­je ajym­tyk çi­gi­di bol­ýar. Peý­da­ly mad­da­la­ry özün­de jem­le­ýän bu mi­wä­niň ajy çi­gi­di kä­bir ýer­de gow­ru­lyp hem iýil­ýär. Ram­bu­ta­nyň dü­zü­min­de 78% suw, 21% ug­le­wod, 1% be­lok we az muk­dar­da ýag sak­lan­ýar. Bu tro­pik mi­we ter­li­gi­ne we gap­la­nan gör­nü­ş­de eks­port edil­ýär.
XIII-XV asyr­lar­da arap söw­da­gär­le­ri­niň bu mi­wä­ni dür­li ýurt­la­ra äkit­me­gi bi­len, Ame­ri­ka, Af­ri­ka se­bit­le­ri­ne ýaý­ra­ýar. Ram­bu­tan aga­jy­nyň bo­ýy 15-24 met­re çen­li ýet­ýär. Uzyn­dan in­çe ýap­rak­ly bu aga­jyň ow­nuk gül­le­ri bol­ýar. Ram­bu­ta­nyň hoş­boý ys­ly gül­le­ri mör-mö­jek­le­ri, esa­san hem, ba­la­ry­la­ry­ özü­ne çek­ýär. Is­len­dik top­rak­da ösüp bil­ýän bu agaç iki-üç ýyl­dan soň mi­we ber­ýär. Ram­bu­ta­nyň iki gör­nü­şi – mi­we ber­ýän we mi­we ber­me­ýän gör­nü­şi bar. Çä­ge­söw top­ra­gy ha­la­ýan agaç her ýyl iki ge­zek mi­we ber­ýär. Adat­ça, beý­le­ki agaç­lar 2-3 ýyl­dan mi­we ber­ýän bol­sa, ram­bu­tan 5-6 ýyl­dan soň ha­sy­la dur­ýar. Bu aga­jyň her düý­bi 5-6 müň mi­we ber­ýär. Ýy­lyň äh­li pas­lyn­da gök öwüs­ýän ram­bu­ta­nyň mi­we­si we ýap­ra­gy ýag, şem we sa­byn önüm­çi­li­gin­de ula­nyl­ýar. Şeý­le hem aga­jy­nyň kök­le­ri, ga­by­gy we ýap­rak­la­ry bo­ýag ön­dür­mek­de peý­da­la­nyl­ýar.
Dün­ýä­de iň köp ram­bu­tan ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän ýurt Tai­land bo­lup, her ýyl 450 müň ton­na «tüý­li mi­we» ön­dü­ril­ýär. Her ýyl dün­ýä­de 3 mil­li­on ton­na ram­bu­tan ha­sy­ly ýyg­nal­ýar.