Senagatlaşmak, şäherleşmek we beýleki sebäplere görä, dünýäniň köp ýurdunda çaga dogluşy azalýar. Şeýle ýurtlaryň hataryna Türkiýe hem goşulýar. Ýurtda köp ýyldan bäri çaga dogluşy azalýar. Munda goş birikdirýänleriň sanynyň azalmagynyň we zenanlaryň ilkinji bäbegini dünýä inderýän ýaşynyň ýokarlanmagynyň hem täsiriniň bardygy bellenilýär. Geçen ýyl ýurtda çaga dogluş tizligi 1,48 bolup, iň pes derejä ýetipdir. Eneleriň ilkinji bäbegini eline alýan ortaça ýaşy 27-den geçipdir. Bu barada ýurduň statistika guramasy habar berýär. Guramanyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda 937 müň 559 bäbek dünýä inipdir. Olaryň 51,4 göterimi oglanjyk, 48,6 götermi gyz bäbejikler bolupdyr. Bu görkezijiniň soňky 10 ýylda 30,6 göterim peselendigi bellenilýär.
Çaga dogluş tizligi bir aýalyň ömrüniň dowamynda (15-49 ýaş aralygy) dünýä inderen çagalarynyň sanyny aňladýar. 2001-nji ýylda ýurtda her zenan ortaça 2,38 bäbek dogurýan bolsa, bu görkeziji 2014-nji ýyldan başlap yzygiderli azalyp, 2024-nji ýylda 1,48-e düşüpdir.
Ýewropa Bileleşiginiň Statistika edarasynyň (“Eurostat”) 2023-nji ýyldaky maglumatyna görä, Türkiýede çaga dogluş tizligi Ýewropa Bileleşiginiň ortaça görkezijisinden ýokary. Ýewropada Bolgariýa, Fransiýa we Wengriýa çaga dogluşy iň ýokary ýurtlar hasaplanýar. Bu ugurda iň pes ýurtlaryň hatarynda Malta, Ispaniýa we Litwa ýaly ýurtlar bar.
Ýaş toparlary göz öňünde tutulanda, 2001-nji ýylda zenanlaryň has ir ýaşda ene bolandyklaryny görmek bolýar. Şol ýyl 20-2024 ýaş aralygyndaky zenanlar has köp çaga dünýä inderipdir – müňden 144. 2024-nji ýylda zenanlaryň iň köp çaga dünýä inderýän aýaş aralygy 25-29 bolupdyr. Geçen ýyl bu ýaşdaky zenanlar 100-den 100 çaga dünýä inderipdirler. Bu bolsa, zenanlaryň has giç ene bolýandyklaryny görkezýär.
Şeýle hem maglumatlar zenanlaryň sowatlylyk derejesi ýokarlandygyça çaga dogluşynyň azalýandygyny görkezýär.
Gurama bir dogrumdan birden köp çaga dünýä inderýän aýallar barada hem maglumat taýýarlapdyr. Geçen ýyl jemi 31 müň 109 dogrum birden köp çagaly bolupdyr. Bu bolsa, 3,3 göterim diýmegi aňladýar. Bu dogrumlaryň 97 göterimi ekiz, 2,9 göterimi üçem we 0,1 dördem we ondan köp bolupdyr.