Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Belarus Milli tehniki uniwersitetiniň wekilleri umumy okuw sapagyny geçirdi

1

Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda dabaraly bellenilýän “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň geçirilmeginiň çäklerinde Belarus Respublikasynyň Belarus Milli tehniki uniwersitetiniň Okuw işleri boýunça prorektory Nikolaýçik Ýuriý Aleksandrowiç we Belarus Milli tehniki uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň dekany Şirfel Pawel Iwanowiç Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlaryna Belarus Milli tehniki uniwersitetiniň alyp barýan okuw-usuly we ylmy-barlag işleri we halkara tejribeleri barada umumy okuw sapagyny geçirdi. Bu umumy okuw sapagyna 200-den gowrak talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar.
Umumy okuw sapagynyň dowamynda belarusly myhmanlar talyplara we mugallymlara häzirki zaman binagärlik çözgütleri, sanly innowasiýalar, gurluşyk materiallarynyň täze görnüşleri we şäher gurluşygynda ulanylýan kämil inženerçilik usullary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Aýratyn hem, paýtagtymyzda geçirilýän “Ak şäherim Aşgabat” halkara sergisiniň esasy ugurlaryna kybap gelýän “akylly şäher” tehnologiýalarynyň we durnukly binagärligiň ornaşdyrylyşy baradaky maglumatlar diňleýjilerde uly gyzyklanma döretdi.
Çykyşlaryň çäklerinde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, tehniki ylymlar boýunça ylmy-barlaglary geçirmek bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmak, şeýle-de innowasion gurluşyk tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça özara tejribe alyşmagyň möhümdigi aýratyn nygtaldy.
Umumy okuw sapagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary we professor-mugallymlary özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler hem-de myhmanlar bilen gyzykly sorag-jogap alşyldy. Duşuşygyň jeminde şeýle halkara çäreleriniň we akademiki mobillik maksatnamalarynyň yzygiderli geçirilmeginiň Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky dostlukly gatnaşyklary we ylmy taýýarlyk işlerini mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga uly goşant goşjakdygy ynamly bellenildi.
Myhmanlaryň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna gelmegi mynasybetli institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň netijeleri boýunça taýýarlanan sergisi gurnaldy. Myhmanlar guralan sergi hem-de institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taslama işleri bilen içgin tanyşdylar. Olaryň hatarynda institutyň mugallymlary tarapyndan şekil taslamasy taýýarlanan we Aşgabat şäherinde gurulmaga teklip edilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyry ýokary depginde alnyp barylýar, institutyň täze binasynyň 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda açylmagyna garaşylýar.
Institutda ekologiýa we tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak, energetika, himiýa tehnologiýalary we bäsleşige ukyply täze önümleri öndürmek, gurluşyk, binagärlik we seýsmiki, maglumat we maglumat tehnologiýalary ýaly ýurdumyzda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça önümçilikleriň wajyp meselelerini çözmeklige gönükdirilen ylmy-barlag işlerini alnyp barylýar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Belarus Respublikasynyň Belarus Milli tehniki uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ylym-bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Belarus Milli tehniki uniwersitetiniň arasynda 2014-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde baglanyşylan halkara hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlyk saklaýar.

Amanmyrat Arazow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy.