Ýurdumyzda daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. 28-30-njy aprelde paýtagtymyzda türkmen-hytaý işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu çärelere gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet edaralarynyň, guramalarynyň, dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 80-den gowragy hasaba alyndy hem-de gatnaşyjylary hasaba almak işi dowam edýär. Sergä gatnaşjak hytaý kompaniýalary, esasan, maşyngurluşyk, tehnologik enjamlaryň we tehniki serişdeleriň önümçiligi, nebitgaz, energetika, himiýa senagaty, gurluşyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag we logistika, sanly ulgamlar, internet hyzmatlary, elektron senagat ýaly ugurlarda iş alyp barýarlar.
Türkmenistan tarapyndan işewürlik maslahatyna we ikitaraplaýyn duşuşyklara degişli ugurlar boýunça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada 18-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi.