15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem diplomat parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanda Italiýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, Aşgabadyň binagärlik keşbiniň, ekologik derejesiniň özünde uly täsirleri galdyrandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz ilçi Martin Brugy ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, dostlukly ýurduň Prezidentine mähirli salamyny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge uly ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Italiýa Respublikasy möhüm orny eýeleýär. Ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Geçen ýyl Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky birinji sammit munuň aýdyň mysalydyr.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi boýunça pikir alyşmagyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, oba hojalygy ýaly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Türkmenistan ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu ugurda öňdebaryjy italýan kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, “Eni” italýan kompaniýasy bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyga üns çekildi. Bu kompaniýa Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.
Ulag-logistika ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Ýurdumyzda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Türkmenistan sebitiň ýurtlary, abraýly halkara guramalar bilen bilelikde Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini işjeň ilerledýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulag geçelgeleriniň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri bolup hyzmat edýändigi aýdyldy.
Medeniýet, bilim, ylym ulgamlary hem türkmen-italýan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Hususan-da, arheologiýa we muzeý işi boýunça hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanda italýan dilini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde italýan dili öwredilýär.
Duşuşygyň ahyrynda diplomat Italiýada Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny belläp, ilçi hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
PDF









