23-nji dekabrda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiziň fransuz dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.
Çärä gazetleriň hem-de žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, ylmy işgärler gatnaşdylar.
Şeýle hem sanly aragatnaşyk arkaly geçirilen çärä Fransiýanyň milli ylmy-barlag merkeziniň ylmy işgäri, türkmen-fransuz arheologiýa toparynyň ýolbaşçysy, arheolog H.Bendezu-Sarmiýento hem-de “Fransiýa-Türkmenistan” dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy K.Burdeý gatnaşdylar.
Çykyşlarda türkmen Lideriniň täze pelsepewi-edebi eseriniň umumydünýä siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň medeni mirasynyň öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine uly üns berýän döwlet Baştutanymyzyň köpýyllyk ylmy-barlag işiniň netijesidigi nygtaldy.
Halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny öwrenmäge ömrüni bagyşlan arheolog H.Bendezu-Sarmiýento taryhy maglumatlara esaslanan bu işiň baý mazmunyny belledi. Alymyň nygtaýşy ýaly, “Türkmenistan rowaçlygyň ýurdy bolup, bu ýerde myhmansöýerlik, sahylyk we dostluk – onuň uly baýlyklarynyň biridir”.
Öz nobatynda, Kristian Burdeý “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyň fransuz dilinde neşir edilmeginiň türkmen-fransuz gatnaşyklaryny ösdürmekde möhümdigini nygtady. Munuň özi onuň ýolbaşçylyk edýän “Fransiýa-Türkmenistan” dostluk jemgyýetiniň baş maksady bolup durýar.