FA Kubogynyň ýarym final oýunlary sebäpli 34-nji tapgyryň 3 duşuşygy wagtyndan öň geçirildi. Şolaryň birinde “Çelsi” myhmançylykda “Braýton” toparyndan 3-0 asgyn geldi. Bu ýeňliş “Çelsi” toparynyň APL-de bassyr 5-nji ýeňlişi bolup, londonlylara şol 5 oýunda ýeke gol hem geçirmek başartmady. Şeýlelikde, “Çelsi” toparynyň 114 ýyl ozalky statistikasyny gaýtalandygy hasaba alyndy. Ýagny soňky gezek “Çelsi” 1912-nji ýylda yzly-yzyna 5 oýunda gol hem geçirip bilmän utulypdy.

Bu şowsuzlykdan soň, “Çelsi” topary tälimçisi Liam Roseniory wezipesinden boşatdy. Ýogsam 41 ýaşyndaky hünärmen bilen 3,5 aý öň, ýagny 8-nji ýanwarda 2032-nji ýyla çenli şertnama baglaşylypdy. Mundan soň “Çelsi” topary hemişekiler ýaly, öwrenişen däbine eýermeli bolar. Ýagny Roseniora 27,6 million ýewro möçberinde öweztöleg puluny tölär. “Çelsi” toparyna möwsümiň ahyryna çenli Kallum Makfarleýn tälim berer. Ol Enzo Mareska wezipesinden ugradylanyndan soňam bir hepde ýaly “Çelsini” türgenleşdiripdi.

Rosenior 23 oýunda 11 ýeňiş gazanyp, 10 gezek hem ýeňlişe sezewar boldy (2 deňlik). Topar onuň ýolbaşçylygynda 47 gol salyp, 38 gol geçirtdi.

Soňky ýyllaryň iň köp tälimçi çalyşýan klublarynyň biri bolan “Çelsi” şu statistika boýunça öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. “Çelsi” toparyna soňky gezek Žoze Mourinio 3 ýyllyk tälim beripdi. 2004-2007-nji ýyllar aralygynda Mourinio “Çelsi” bilen 2-si “Premier Liganyň” çempionlygy, jemi 6 kubok gazanypdy. Şondan bäri “Çelsi” toparyna 3 ýyl tälim beren hünärmen hasaba alynmady. Londonlylar soňky 19 ýylda 22 gezek tälimçisini ugratdy. Şol döwürde Mourinio bilen Guus Hiddink 2-nji gezek, Frank Lampard 2 dürli wagt tälimçi bolupdy. Ugradylan tälimçileriň arasynda Skolari, Ançelotti, Benites, Konte, Sarri, Tuhel ýaly özlerini halkara arenada doly derejede subut eden hünärmenler hem bar.