Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz AHHG-nyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagy hem-de geljekki bilelikdäki işiň täze wezipelerini kesgitlemegi teklip etdi. Bu işi esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyklykda tamamlamagy hem-de Aral deňziniň sebitiniň köp sanly meselelerini çözmek bilen bagly taslamalardyr maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara maliýe institutlary, donorlar bilen has işjeň hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik döretmek dogry hasaplanýar.
Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi. Şolaryň hatarynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Astana Beýannamasy; Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Prezidentini saýlamak hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; Gazagystan Respublikasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň netijeleri hakynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; 26-njy marty Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni diýip yglan etmek hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi bar.
Şeýlelikde, mundan beýläk 26-njy mart Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde giňden bellener.
PDF









