18-nji martda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Jidda (Saud Arabystany) – Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçuşy girizmegi meýilleşdirýär. Awiakompaniýanyň habarynda bu uçuş diňe şu senede amala aşyrylar diýlip aýdylýar.
Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Jidda-Aşgabat aralygynda hepdede iki gezek çarşenbe we anna günleri yzygiderli gatnawy amala aşyrýar.
Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaý, Abu Dabi, Jidda, Deli, Pekin, Bangkok, Ho Şi Min, Kuala-Lumpur, London, Frankfurt, Milan we Stambul ýaly şäherlere uçuşlary hödürleýär.