3-nji fewralda Astanada Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, gazak tarapyna Gazagystanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Murat Nurtleu ýolbaşçylyk etdi. Geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň arasynda ulag geçelgeleriniň artdyrylmagy babatda ylalaşyk gazanyldy.
Gepleşikler tamamlanandan soňra geçirilen metbugat ýygnagynda Gazagystanyň daşary işler ministri M.Nurtleu ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin giňişleýin gepleşikleriň geçirilendigini, esasan hem, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny häzirki 500 million dollar derejesinden 1 milliard dollara ýetirilmegi üçin hökümetara geňeşmeleri ýygjamlaşdyrmak babatda ylalaşylandygyny, goňşy hem-de doganlyk ýurt bolan Türkmenistan bilen serhetdeş welaýatlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem maslahatlaşylandygyny belledi.
Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystanda türkmen maýasy bolan 100 töweregi kompaniýanyň iş alyp barýandygyny, şol sebäpli üstaşyr geçelgäniň mümkinçiligini artdyrmak babatda ylalaşylandygyny, şeýle-de “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýol geçelgesiniň ähmiýeti barada durlup geçilendigini, şonuň bilen bir hatarda Hytaý bilen Eýranyň arasyndaky demir ýol gatnawyny ösdürmek mowzugyna hem garalandygyny belledi.
Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bolsa, iki ýurduň arasynda ýokary derejeli ikitaraplaýyn saparlaryň artandygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem Aral deňzi meselesine hem seredilendigi, bu ugurda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigi bellenildi.
Bu barada türk metbugaty habar berýär.
Esasy Dünýä täzelikleri Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldiler