Türkmenistan – GDA: hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

14

Ber­ka­rar döw­le­tiň täze eýýamynyň Gal­ky­ny­şy döwründe hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Se­bit we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len ýo­la goý­lan hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry gün­sa­ýyn tä­ze de­re­je­le­re gö­te­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra mas­la­hat­lar hem ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Şun­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy bi­len alyp bar­ýan hyz­mat­daş­ly­gyna we Ar­ka­la­şy­ga ag­za döw­let­ler bi­len ýo­la go­ýan gat­na­şyk­la­ry­na aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir.
Mälim bolşy ýa­ly, Türk­me­nis­tan 2026-njy ýyl­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na baş­lyk­lyk ed­ýär. Bu mö­hüm we­zi­pe gu­ra­ma­nyň çä­gin­dä­ki yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy we me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li me­ýil­na­ma­la­ry öz içi­ne al­ýar. Ýur­du­my­zyň Ar­ka­la­şyk­da baş­lyk­lyk et­me­gi­niň çäk­le­rin­de şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri dür­li ge­ňeş­le­riň, ko­mis­si­ýa­la­ryň mej­lis­le­ri we beý­le­ki du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 22-nji maý­da GDA-nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­niň Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan Ar­ka­la­şy­gyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti bi­len bi­le­lik­de du­şu­şy­ga taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. 15-nji maý­da ge­çi­ri­len san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­lü­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Taý­ýar­la­nan mak­sat­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, 22-nji maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bi­len GDA-nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­ne gat­naş­jak we­ki­li­ýet ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ryň gu­ral­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le hem we­ki­li­ýet ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şol gün we­ki­li­ýet ýol­baş­çy­la­ry­nyň de­giş­li dü­züm­ler­de mej­lis­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Ola­ryň gün ter­ti­bi­niň tas­la­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da mö­hüm me­se­le­le­riň bir­nä­çe­si ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Şeý­le hem mej­lis­ler ta­mam­la­nan­dan soň­ra, res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ri­ler.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li ös­dür­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hormatly Prezidentimiz wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ne go­wy taý­ýar­lyk gör­me­gi we ony ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.
He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň as­so­sir­le­nen ag­za­sy bo­lup dur­ýan Türk­me­nis­tan GDA ag­za döw­let­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra bäh­bit­li­lik esa­syn­da, her bir ta­ra­pyň mil­li bäh­bit­le­ri­ni, umu­my mak­sat­la­ry na­za­ra al­mak bi­len alyp bar­ýar. Ýur­du­my­zyň bu ga­ra­ýyş­la­ry ta­ry­hyň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, dür­li ul­gam­lar­da bi­le­lik­dä­ki iri tas­la­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
GDA döw­let­le­ri bi­len iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­dä­ki stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­ga üýt­gew­siz yg­rar­ly Türk­me­nis­tan gu­ra­ma­nyň gi­ňiş­li­gin­dä­ki öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ma­gy­na hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ber­mä­ge ça­lyş­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar
Berdimuhamedowyň GDA-nyň sam­mit­le­ri­ne yzy­gi­der­li gat­naş­ma­gy hem-de öňe sür­ýän, döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk gel­ýän baş­lan­gyç­la­ry mu­nuň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.
De­giş­li Kon­sep­si­ýa ta­ra­pyn­dan göz öňün­de tu­tu­lan ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len şu ýyl 25-e go­laý çä­rä­ni ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­dy. Ola­ryň 7-si­ni ýur­du­myz­da ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­di. Olar­dan Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni, sent­ýabr aýyn­da Yk­dy­sa­dy Ge­ňe­şiň mej­li­si­ni, okt­ýabr aýyn­da Awa­za­da GDA-nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ge­ňe­şi­niň we Döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­lis­le­ri­ni, şeý­le hem Aş­ga­bat­da Me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça ge­ňe­şiň mej­li­si­ni gör­kez­mek bo­lar.
Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň 2026-njy ýyl­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na baş­lyk­lyk et­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň be­lent hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň dün­ýä­de yk­rar edil­ýän­di­gi­niň hem-de onuň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň giň gol­da­wa eýe bol­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Türk­me­nis­tan ozal hem 2012-nji we 2019-njy ýyl­lar­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­da baş­lyk­lyk edip, bu jo­gap­kär­li we­zi­pä­ni ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­rip­di.