16 — 17-nji sentýabrda Seul şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň öňüsyrasynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda maglumat-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy işjeňleşýär. Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy habarlar agentligi bolan «Yonhap» agentliginiň habarçysy Song Dohýonyň Türkmenistana sapary bu ugurdaky möhüm wakalaryň biri boldy. Žurnalist türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ösüşi hem-de mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň geljegi barada materiallary taýýarlamak maksady bilen ýurdumyza geldi.
Saparyň çäklerinde «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň baş redaktory Ussa Ussaýew «Yonhap» agentligine interwýu berdi. Ol söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada gürrüň berdi.
Interwýudan soň Song Dohýon redaksiýanyň döredijilik topary bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň nebitgaz pudagynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläkki ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň senagat, energetika, bilim, innowasiýalar we ekologiýa taslamalary ýaly ugurlary öz içine alyp, yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şeýle hem Seul şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de täze özara bähbitli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin möhüm meýdança boljakdygy nygtaldy.
Çeşme: oilgas.gov.tm
PDF









