Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet V Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy. V Antalýa diplomatiýa forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow 18-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň, Ukrainanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleri hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen bilen duşuşdy.
Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gysga wagtlyk duşuşygynyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassykladylar.
Şol gün Raşid Meredowyň Ukrainanyň daşary işler ministri Andreý Sibiga bilen duşuşygy boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerine garaldy. Özara bähbitli ugurlar boýunça türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge taraplaryň taýýarlygy tassyklanyldy.
Iş ýüzündäki hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady gatnaşyklary we ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklary amala aşyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşygynyň dowamynda taraplar iň ýokary döwlet derejesindäki ynamly we yzygiderli gepleşikleriň netijesinde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler.
Ministrler syýasy-diplomatik ugurdaky özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar, şeýle hem ýakyn aýlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine taýýarlyk meselelerine seretdiler.
Mundan başga-da, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar şu ýyl iki ýurtda-da geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary döwlet derejesindäki duşuşyklara görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns berdiler.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
V Antalýa diplomatiýa forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Antalýadaky ýokary wekilçilikli foruma 20 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary, 15 wise-prezident, 50-den gowrak ministr derejesinde wekiliýetler gatnaşýar. Umuman, ADF 2026 forumyna 150 döwletden 5000-e golaý wekiliýet gatnaşýar.
75 halkara guramanyň wekilçilik edýän forumynda 40-dan gowrak dürli sessiýalar we plenar mejlisler geçirilip, onda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alny maslahatlaşylýar.
Türkmenistan Antalýa diplomatiýa forumyna işjeň gatnaşýar. 2024-nji ýylda üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.